Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦ ✦ Uky we ruhy saglyk arasyndaky baglanşyk ✦ ✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş okuwlary üstünlikli geçirildi
  28.11.2024
221
Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş okuwlary üstünlikli geçirildi

Türkmenistanda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, pedagoglaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär. Bu maksat bilen 2024-nji ýylyň 18-26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk esasynda usuly-amaly okuwlar geçirildi.

Okuwlar esasan dil düzediş mugallymlara-defektologlara niýetlenip, Russiýaly alymlar tarapyndan taýýarlanan okuw-usuly gollanmalar bilen tanyşmak, mümkinçiligi çäkli çagalara bilim-terbiýe bermekde täze tilsimleri öwrenmek ýaly meseleleri öz içine aldy. Sapaklaryň iş ýüzünde görkezilmegi türkmen mugallymlary üçin aýratyn täsirli boldy.
Täze usullar bilen tanyşlyk.

Okuwlaryň dowamynda:
Mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemek üçin täze metodiki çemeleşmeler görkezildi.
Russiýaly pedagogika alymlarynyň tejribe toplumy we bilim ulgamyndaky iň täze usulyýet gollanmalary diňleýjilere hödürlenildi.
Pedagoglar birek-birek bilen tejribe alyşyp, sorag-jogap görnüşinde işjeň gatnaşyga girdiler.
G.A. Hakimowa ýaly tejribeli alymlaryň ýolbaşçylygynda geçirilen okuwlar türkmen pedagoglarynyň hünär kämilleşdiriş mümkinçiliklerini has-da giňeltdi.

Şahadatnama gowşuryldy:
Okuwlary üstünlikli tamamlan türkmenistanly bilim işgärlerine Russiýanyň Naberežnyýe Çelny Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň degişli şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Pedagoglar bu okuwlaryň öz iş tejribelerini baýlaşdyrýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bilim ulgamyna edýän üns-aladasyna çäksiz minnetdarlyk bildirdiler.

Çeşme:Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Sanjar AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.