«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda mugallymlaryň okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlyndyrmak maksady bilen interaktiw (özara işjeňlik) usulyny ulanmak barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Şeýlelik bilen täze tehnologiýa we usulyýet ulgamynyň düzümi bolan interaktiw – özara işjeňlik okuwlarynyň netijeliliginiň artýandygyna göz ýetirýäris.
Mälim bolşy ýaly, bilim ulgamynda kompýuter tehnologiýasyny ulanmak hemmetaraplaýyn ähmiýetli bolup, maglumatlary tygşytly ykjam disklerde ýerleşdirmek, ulanmakda ähtibarlylygy, tutuşlygyna we bölekleýin peýdalanmak, maglumatlary tiz ýetirmekde diňe bir okamak arkaly däl-de, ses ýazgylary, wideo ýazgylary arkaly amala aşyrmaga uly ýardam berýär. Kompýuter tehnologiýasy arkaly sapaklarda interaktiw usulynda guramak, talyplaryň ukyp-başarjaňlygyny ýüze çykarmakda, ösdürmekde, özbaşdak pikirlenmek, işlemek endiklerini artdyryp, sapaga has işjeň gatnaşmaklaryna uly ýardam berýär.
Ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Oguljennet Babaýewa,
Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.