logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Balkan welaýatynda awtoulaglaryň gatnawy üçin täze köpri açylyp ulanylmaga berildi
  18.05.2022
1036
Balkan welaýatynda awtoulaglaryň gatnawy üçin täze köpri açylyp ulanylmaga berildi

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Balkan welaýatynyň kärhanalarynyň zähmet toparlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe mynasyp sowgatly geldiler. Muňa Türkmenbaşy etrabynyň merkezinden geçýän Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň üstünden awtoulaglaryň gatnawy üçin gurlan täze köpriniň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem güwä geçýär. 

Täze köprüniň açylyş dabarasyna, Balkan welaýat, Türkmenbaşy etrap we şäher häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri, demirýolçulardyr awtotransport işgärleri, sungat ussatlarydyr köp sanly ýerli ýaşaýjylar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar. Hazar deňziniň mawy giňişlikleridir Guba dagyň belent gerişleriniň aralygyndan geçýän demir ýoluň üstünden gurlan bu köpri künjegiň ajaýyp keşbini has hem nurana görnüşe getirdi. 

Balkan welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň Awtomobil ýollary gurmak we ulanmak boýunça gözegçilik edarasynyň buýurmasy esasynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň Köpri gurluşyk müdirligi tarapyndan bina edilen bu täze desga ähli babatda dünýä hil ülňülerine doly gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar. Desganyň gurluşygynda daşary ýurtlardan satyn alnan dürli görnüşli kuwwatly tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanyldy. Uzynlygy 60 metre, ini 32,5 metre, beýikligi bolsa 11 metre deň bolan köpri demir ýol we awtotransport ulaglarynyň biri-birlerine päsgelçilik döretmezden, bökdençsiz gatnawlaryny üpjün etmekde aýratyn uly ähmiýete eýedir. Ikitaraplaýyn gatnawy, üpjün etmäge mümkinçiligi bolan köpriniň her tarapynyň ini 13,25 metre deň bolup, ol ýollaryň her biri birbada awtoulaglaryň üçüsiniň ýanaşyk hereket etmegine mümkinçilik berýär.