Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly çözgütler bilen ykdysadyýetiň täze keşbi ✦ ✦ Edebiýat we pedagogika — ýaşlaryň ruhy ýolbeletleri ✦ ✦ Gadymy hünäriň eýesi: Daşoguzly ussa ýokary ada mynasyp görüldi ✦ ✦ Türkmen alabaýynyň halkara güwänamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ “Merkezi Aziýa + ABŞ” işewürlik forumy geçiriler ✦ ✦ Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklary berkeýär ✦ ✦ Sanly ulgam - ykdysadyýetiň ösüşi ✦ ✦ Nemes dilini öwretmekde internet platformalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde döwrüň talaby ✦
Baş sahypa / Sport /Badminton sporty barada
  14.07.2022
1398
Badminton sporty barada

       Badminton – çylşyrymly sport görnüşi hasaplanýar. Badminton topuna wolan diýilýär. Sportyň bu görnüşi organizmiň sazlaşykly, çakgan işlemegini talap edýär. Mundan başga – da, kosmonawatlary uçuşa taýýarlamakda – da badmintonyň ähmiýeti örän uludyr. Badminton sporty barada täsirli maglumatlar bilen tanyş bolalyň!

      Badminton sporty bilen gündelik meşgullanýan adamlaryň öýkenleriniň göwrümi ulalýar we dem alyş ulgamlary bilen baglanyşykly keselleriň ýüze çykyş derejesi peselýär. Bu sport görnüşi ganda holesteriniň derejesini peseldýär, ýürek keselleriniň döremeginiň öňüni alýar. Ýürek myşsalarynyň işleýşini güýçlendirýär we gan damarlaryň dykylmazlygyny üpjün edýär. Mundan başga – da, bedendäki ähli myşsalary işjeňleşdirýär we artykmaç ýaglaryň eräp, adamlaryň horlanmagyna kömek edýär.

     Badminton sport görnüşi adamyň psihikasyna hem täsir edip bilýär. Bu sport bilen meşgullanýan adamlarda ýatkeşligiň peselmegi, göwünçökgünlik ýaly alamatlaryň 20 – 30% - e çenli peselýändigi 2011 – nji ýylda britan lukmanlarynyň geçiren barlaglaryň netijesi boýunça subut edildi. Sebäbi, bu oýun beýniniň öýjüklerini işjeňleşdirýär we energiýanyň köp bölünip çykmagyna täsir edýär. Ýokary derejede bölünip çykýan energiýa bolsa adamyň emosiýasyna täsir edýär. 2005 – nji ýylda Şwesiýada geçirilen gözegçilikleriň esasynda, badminton bilen meşgullanýan adamlaryň organizminde ýüze çykýan süýjilik (diabet) keselinde artykmaç glýukozanyň derejesi 30 – 50% - e çenli peselýär.

       Ylgaw bilen meşgullanýan adamlaryň uzak ýaşaýşy ýaly, raketa sporty bilen meşgullanýan adamlar hem uzak ýaşaýandyr. Badminton gözüň myşsalarynyň hereketini güýçlendirýär. Sebäbi, badminton topy (wolan) ýeňil, kiçi we ak reňkde bolup, gözüň kömegi bilen topy gözegçilikde saklamaly we garşydaş tarapa geçirmeli bolýar. Bu bolsa gözüň myşsalarynyň hereketini güýçlendirýär. Şeýlelikde, badminton sporty göz üçin oňat gimnastika hasaplanýar. Mundan başga – da, göz bilen baglanyşykly ene – atalardan nesle geçýän şowakörlük we uzakdangörüjilik kesellerini bejermekde – de badminton sportynyň ähmiýeti uludyr.

 

Enebaý ANNALYÝEWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby