Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk ― Watan goragçylarynyň milli taglymy ✦ ✦ «COP29»: ekologik başlangyçlarda täzeçil çemeleşmeler ✦ ✦ Türkmenistan bilen BAE-niň söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi ✦ ✦ Ýaşlaryň döredijiliginde Aşgabat şäheriniň gözel keşbi ✦ ✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Bäbejik orhideýa gülüniň ösdürilişi
  29.11.2024
67
Bäbejik orhideýa gülüniň ösdürilişi

Adamzat her bir gören täsin zadyna aýratyn göz bilen seredýär. Başgaça aýdanymyzda ol täsinliklerden göz aýyryp bilmän galýar. Onda biz her gezek tebigaty synlanymyzda ondan göz aýryp bilmän galsak gerek. Hakykatdan hem tebigatyň ýagny jadyly dünýäniň özboluşly özüne çekijiligi bar. Adamzat soňra ondan nähili göz aýyryp bilsin. Şol özüne çekijilige eýe bolan täsinlikleriň biride ,,Orhideýa Anguloa” ýa-da ,,Bäbejik orhideýa” bolup durýar. Bu täsin güle ýöne ýerden Bäbejik orhideýa diýip aýdylmaýar. Onuň täsin tarapy hem şondan ybartdyr.


Orhideýa Anguloa ilkinji gezek 1794-nji ýylda ýüze çykarylýar. 1798-nji Peruda ýazgy geçirilýär. Orhideýanyň köp görnüşleri Kolumbiýada we Peruda duş gelýär. 


Ekwadorda, Peruda, Kolumbiýada, Boliwiýada, Wenesualada, Günorta Amerikada deňiz derejesinden 300-2200 m belentlikde tokaýlarda ösýärler. 


Bu owadan güljagaz çygly, gijesine 8 gradus, gündizine 28 gradus temperaturada göni gün şöhlesi düşmeýän ýerlerde ösmäni halaýar. Gülüň sütünjiginiň uzynlygy 60 sm, gül göterijisiniň uzynlygy 30 sm deň. Bir gül sapajygynda ýekeje uly güljagaz ösüp çykýar. Orhideýanyň ýylmanak, uzyn we giň ýaprakly ýalan soganlygy bolýar. 

 

Bu orhideýa täsin we çylşyrymly gül bolup, gül ýapraklary şekilinden gundagly bäbejigi ýadyňa salýar. Täsin güljagaz agymtyl süýt reňkli, sarymtyl-gülgüne öwüşginli, gyrmyzy damarlary bolup we gül ýapraklary mum örtügi bilen örtülen. Bäbejik beýleki güllerden açyk-sary we gülgüne öwüşginliligi bilentapawutlanýar. 

 

Gülüň dikligine uzynlygy 6-7 sm, keseligine 3-4 sm deň. Gapdal tarapyndan açylmadyk çigildemi ýatladýar. Şonuň üçin bäbejik-orhideýany çigildem-orhideýa hem diýýärler. 

 

Gül ýapraklary ýumurtgaşekilli okara görnüşinde ýerleşip, dolagly bäbejigiň gundagyna meňzeýär. Gundagyň içinde bäbejige meňzeş gül tumşujagywe sütünjigi ýerleşýär. 


Gülüň ýene bir aýratynlygy bäbejik-orhideýa beýleki orhideýalara garanda has ýakymly yslydyr. Gülleme esasan, gyş we bahar aýlary bolýar. 

 

Öý şertlerinde saklanyşy


Bäbejik orhideýa saklamak onçakly bir zähmet talap etmeýär. Oňa diňe zerur şertleri döretmegiň özi ýeterlik. 

 

Temperatura

 

Dynçlyk döwründe +5, +10oC, ösüş we gülleme döwründe gijelerine +10, +15oC, gündizlerine 15 – 28ýylylyk gerek. 

 

Çyglylyk


Çyglylyk 50%-den ýokary bolmagy zerur. Bu görkeziji güli dürli kesellerden we zyýankeşlerden goramag kömek edýär. 

 

Suwaryş

 

Tebigy şertlerde ösümlik dekabr-mart aýlarynda köp mukdarda suwy talap edýär. Psewdobulba (ýalan soganlygy) çyglylygy gülüň ýerüstki bölegine ýanwar aýynyň başynda geçirip başlaýar we gülleýär. Diýmek öý şertlerinde hem bu döwürde berilýär. Suwyň mukdaryny hem köpeltmeli. Güli bassyryp suwarmak has amatly. Munuň üçin suw dolylygyna gülüň gabyny basmagyna goýup berilýär. 

 

Ösüş we gülleme döwründe köp mukdarda suw talap edýär. Bu döwürde gülüň gabynda batgalaşdyrmak bolmaýar. 

 

Gülüň topragy azyrak guradylmagy zerur. Hepdede iki gezek toprak guradylyp durmaly. Dynçlyk döwründe toprak az mukdarda çyglandyryp durmaly.

 

Güljagaz ýeňil, öýjükli, çyglylygy gowy saklaýan topraklary halaýar. Öý şertlerinde toprak taýýarlananda şu aşakdaky fraksiýalardan peýdalanylýar:

 

➢ Agaç gabygynyň ownugy

➢ Torf (az mukdarda)

➢ Sfagnum mohy

➢ Agaç kömri

➢ Seolit

➢ Perlit.

 

Çyglylygy göz öňünde tutup bu komponentlerden dürli proporsiýaly topraklary taýýarlamak bolýar. Gabyk ownugyny küýzejigiň düýbüne  dürli fraksiýalarda goşmaly. Gülüň küýzejiginiň ýokarky bölegine sfagnum mohyny goşmaly. Bu bolsa substratyň çalt guramagynyň öňüni alýar. 

 

Bäbejik orhideýa kökleri guramaz ýaly küýzejikde berk ornaşmaly. Şonuň üçin topragy ýeterlik derejede dykyzlandyrmaly. Güli dogry oturdylanyny barlamak üçin baldagyndan tutup ýokary galdyrmaly. Eger ösümlik yrgyldamasa diýmek oturtmak dogry ýerine ýetirilendigini görkezýär. 

 

Güli küýzejige oturtmagyň iň gowy wagty güllemeden soň hasaplanýar. Täze psewdobulba ösüp başlamagy – güli oturtmagyň iň gowy wagty bolup durýar. 

 

Oturtmazdan öň ilki bilen garry kökleri, guran baldaklary we guran soganlyklary aýyrmaly. Täze soganlygyň gysylmazlygy üçin has garry soganlygy küýzejigiň gyraky bölegine ýerleşdirmeli. Gülüň ortaça iki ýylda bir gezek küýzejigini çalyşmaly. 

 

Ýagtylyga bolan talaby. Tebigatda tokaýlarda ösýänligi sebäpli ýeterlik derejede gün şöhlesini kabul edýär. Şonuň üçin öý şertlerinde orhideýany göni gün şöhlesi düşmezden güýçli ýagtylyk bilen üpjün etmeli. 

 

Iýmit maddalaryna bolan talaby. Orhideýany kökleriniň ösüş döwründe we gülleýişden soň iýmitlendirmeli. 

 

Gülleýän we dynçlyk döwründe iýmitlendirmek hökman däl. Dänejik görnüşli serişdeler bilen iýmitlendirmek has hem amatly. 

 

Şeýle hem ýapraklar arkaly iýmitlendirmek mümkin. Munuň üçin irden ýapraklaryň aşaky bölegine iýmitlik ergini sepmeli. 

 

Bäbejik orhideýanyň ýapraklarynyň saralmagy oňa iýmitlik maddalaryň ýetmeýändigini görkezýär. 

 

Köpelişi

 

Baldaklarynyň bölünmegi arkaly köpelýär. Steril pyçak bilen köküni kesmeli. Guran böleklerini aýyrmaly. Bir kesimde azyndan üç soganlygyny kesip almaly. Tohumlary tebigy şertlerde ýakymly ysy bilen mör-möjekleri özüne çekýär. 

 

Keselleri we zyýankeşleri.

 

Zyýankeşlerden orhideýa galkanlyjalar, sakyrtgalar we şirejeler zyýan ýetirýär. Çüýreme, kömelek we bakteriýal kesellerden ejir çekýär. Ösümlik özüni gowy duýar ýaly toprakdaky çyglylygy yzygider gözegçilik etmeli. Aşa yzgarlylyk köküň çüýremegine  we her hili kömelek keselleriniň peýda bolmagyna getirip biler.


Taýýarlan: Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyñ eýesi