Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦ ✦ Uky we ruhy saglyk arasyndaky baglanşyk ✦ ✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Azyk howpsuzlygyny berkitmekde durnukly ösüş maksatlary
  29.11.2024
112
Azyk howpsuzlygyny berkitmekde durnukly ösüş maksatlary

Penşenbe güni paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Bu geçirilen halkara maslahat howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Çäräniň maksady oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen durnukly ösüşe ýetmekden ybarat boldy.

 

Maslahatyň esasy wezipeleri:

1. Türkmenistanda FAO ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen taslamalary durmuşa geçirmek.

2. Oba hojalygynda maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly önümçiligi artdyrmak.

3. Tehnologiýalary howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak we tebigy serişdeleri netijeli ulanmak.


 

Maslahatyň dowamynda oba hojalygy bilen bagly meseleleriň çözgütleri ara alnyp maslahatlaşyldy we hyzmatdaşlyk barada degişli resminamalara gol çekildi. Bu çäre Türkmenistanyň global derejesindäki ornuny berkidip, ýurdumyzy durnukly ösüş maksatlaryna tarap has-da ýakynlaşdyrdy.

 

Türkmenistan, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde global tagallalara goşant goşup, milli we halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açýar. Bu çäre diňe bir oba hojalyk önümçiligini ösdürmek bilen çäklenmän, howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmäge mümkinçilik berýär.


Şyhmyrat Annagurbanow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
KA - nyň ilkinji guramasynyň başlygy.