Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmenistan ykdysadyýetini ösdürmek, döwletlilik binýadyny berkitmek we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen uly maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüji içeri we daşary syýasatynyň netijesinde, Watanymyzda gazanylýan täzelikler we özgertmeler halkymyz tarapyndan uly höwes bilen kabul edilýär. Şeýle hem, häzirki döwürde şäher gurluşygynda Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini görkezýän milli mirasymyz, taryhy we medeni däplerimiz esasy orny eýeleýär.
Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, döwrebap şäherleriň gurluşygy, ýaşamak üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, sanly ulgamlaryň we ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sebitleriň we raýatlaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi möhüm ugurlary emele getirýär. Bu işler, giňişleýin ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe we telefon aragatnaşyk hyzmatlary, «akylly» tehnologiýalar bilen üpjün edilen «akylly» şäher we «akylly» öý sistemalary arkaly durmuşa geçirilýär. Şeýle hem, ýaşaýyş jaýlarynda we köçelerde howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, ýolyşyklar, suw we gaz sarp edilişini gözegçilikde tutýan ulgamlaryň gurnalmagy ähmiýetlidir.
Arkadag şäheri, Köpetdagyň eteginde gurlan we giňişleýin täze şäher, häzirki zaman tehnologiýalaryny we «ýaşyl» tehnologiýalary, elektrobuslar we elektromobiller ýaly ýokary tehnologiýalary öz içine alýar. Bu şäher, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda gazanýan üstünlikleriniň ajaýyp beýanydyr. Arkadag şäheri, dünýäniň iň iri we döwrebap şäherlerinden birine öwrülýär, bu bolsa milli ösüşiň we häzirki zaman şäher gurluşygynyň ýokary derejesiniň aýdyň mysalydyr.
Näzli AŞYROWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag
şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.