Sanatoriýa-şypahana ulgamy — Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm bölegi, ýurdumyzda alnyp barylýan, durmuşa geçirýän döwlet durmuş syýasatynyň ähmiýetli ugry bolup durýar. Bu gün ýurdumyzyň her welaýatynda döwrebap şypahanalar bolup, olarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däbe öwrülen usullary, şeýle hem ýokary netijeliligini subut eden innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy we howa şertleri bilen utgaşdyrylýar.
Türkmenistanyň çäklerinden alyslarda hem tanalýan «Arçman» we «Ýyly suw» şypahanalary Köpetdagyň gözel künjeginde, Aşgabatdan 130 kilometr günbatarda ýerleşýär.
Arçmanyň jana şypaly suwy baradaky rowaýatlar köp wagtdan bäri bellidir. Şypahananyň özi ýüz ýyldan gowrak mundan öň esaslandyrylyp, ol ýerli ilatyň, ýakyn we alys ýurtlardan bolan myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir.
Şypahana deri kesellerinden, iýmit siňdiriş, ýürek-damar we nerw ulgamy, öt çykaryjy ýollary we daýanç-hereket ediş ulgamlarynyň kesellerinden ejir çekýän adamlary bejermäge ýöriteleşdirilendir.
Şypahananyň dermanlyk suwy esasy bejeriş şerti bolup, onuň düzüminde himiki elementleriň 24-si kesgitlenildi. Suwdaky kükürt wodorodynyň derejesi ony bejeriş hem-de agyz suwlarynyň hataryna degişli etmäge mümkinçilik berýär. Arçmanyň pes aşgarly ýyly mineral suwunyň artykmaçlygy ony içmek üçin, şeýle hem suw bilen bejermek kadalaryny geçirmek üçin ulanyp bolýanlygyndan ybaratdyr. Suwdan başga-da, bu ýeriň jana şypaly howasy bar. Dag eteginiň ionlara baý howasy adam bedenine oňaýly täsir edýär.
Deňiz derejesinden 160 metrden gowrak beýiklikde, Köpetdagyň demirgazyk eteginde ýerleşen şypahananyň düzüminde dynç alýanlar üçin köp gatly binalaryň birnäçesi bar. Bu ýerde maslahat beriş-anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejermek üçin ähli şertler döredildi. Ultra sesli, elektrokardiologiýa, endoskopiki we bronhoskopiki, şeýle hem rentgen barlaglaryndan geçip bolýar. Endoskopiýa, UZI, EKG, flzioterapiýa, owkalaýyş we bejeriş bedenterbiýesi otaglary hereket edýär. Bu ýere gelenleri dürli lukmançylyk hünärmenleri — stomatolog, okulist, LOR-lukmany, gastroenterolog we beýlekiler kabul edýär.
Bulardan başga-da, şypahanada döwrebap enjamlaryň bolmagy, bejermegiň mehanoterapiýa we yşyk bilen bejeriş, elektroson we magnitoterapiýa, iňňeler bilen bejeriş hem-de darsenwal tolkunlary, parafln bilen bejeriş hem-de şöhleli wannalar we beýleki usullar ulanylýar. Suw bilen bejeriş otaglary duşuň ähli görnüşlerini, şol sanda Şarko, kontrast, aýlawly, ýokary galdyrýan duş, suw bilen owkalamagyň görnüşlerini hödürleýär.
Umuman, bu ýerde ähli zat — täsin suw, arassa dag howasy we elbetde, saglygy goraýyş işgärleriniň ýokary hünär taýýarlygy näsaglaryň tiz sagalmagyna ýardam edýär.