logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Economics /Ak altynyň idegi
  17.02.2020
786
Ak altynyň idegi

      Şu günler Gökdepe etrabynyň oba-hojalyk işgärleri täze hasylyň aladalary bilen joşgunly zähmet çekýärler. Geçen ýyly hem uly üstünliklere beslän Ak altyn ussatlary täze ýylyň bereketli hasyly üçin 10800 gekdarda ekiş geçirdiler. Giň gözýetime ýaýylyp gidýän gök maýsaly meýdanlar gyş paslynda özboluşly gözelligi döredip, tebigatyň görküne görk goşýar. Daýhan yhlasy bilen döredilen şeýle gözelligi näçe synladygyňça synlasysyň gelýär. Gözüňi dokundyryp oturan maýsa meýdanlar geljekki bol hasyly buşlaýar.

         Gyş pasly dowam edýär. Daýhan üçin pasylyň parhy ýok. Ol ýylyň islendik wagtynda hem alyn derini mele topraga siňdirýär. Ol ýere yhlas edýär. Päk zähmetiniň rehnetini-de görýär. Şeýle bolansoň etrabyň zähmetkeşleri gyş meýdan işleriniň şu günlerki agrotehniki çärelerini güýçli depginde dowam edýärler. Häzirki gyş meýdan işleriniň gyzgalaňly döwründe ýaşajyk maýsalara ikinji ösüş suwuny bermegi talabalaýyk alyp barýarlar. Bu jogapkärli iş häzire çenli etrap boýunça 4 müň gektardan gowurak meýdanda alnyp baryldy. Şonuň ýaly-da ekin meýdanlaryny goşmaça iýmitlendirmek çäreleri hem ýokary derejede dowam etdirilýär. Bu gaýragoýulmasyz işler häzire çenli etrap boýunça 2500 gektara golaý ýerde geçirildi.

         Ekin meýdanlaryndaky haşal otlaryň garşysyna göreşmek çäreleri agrotehnikanyň bildirýän talaplaryna laýyklykda howanyň amatly şertlerinde amala aşyrylýar. Haşal otlaryň garşysyna ulanylýan gerbisit himiki serişdesini sepmek bolsa häzire çenli etrap boýunça 3500 meýdanda geçirildi.

     “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegiň arzuwynda joşýan etrabyň oba zähmetkeşleri ak ekinlere geçirilmeli gyş-meýdan çärelerini guramaçylykly alyp barýarlar. Oba hojalyk işgärleriniň şu günki çekýän päk zähmetlerine nazar aýlanyňda, olaryň şu ýylky meýilleşdirilen Ak altyn hasylyny artygy bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynamyň artýar.