logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Medeniýet /E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi
  12.09.2026
270
E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi

E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy tarapyndan E-kitap atly elektron kitaphananyň döredilendigi habar berildi. Täze elektron platforma okyjylara dürli görnüşli elektron we audiokitaplardan peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň culturetourism.com.tm internet saýtynda habar berildi.

Maglumata görä, E-kitap mobil goşundysy okyjylaryň şahsy elektron kitaphanasy hökmünde hyzmat eder. Ulanyjylar mobil telefonlarynyň we kompýuterleriniň üsti bilen zerur kitaplara we maglumatlara islendik wagt hem-de islendik ýerden elýeterlik alyp bilerler.

Elektron kitaphananyň döredilmegi kitaphana hyzmatlarynyň sanly mümkinçiliklerini giňeltmäge we okyjylaryň elektron maglumat çeşmelerinden has amatly peýdalanmagyna şert döretmegi maksat edinýär.

Aýbibi ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň
Kitaphanaçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.