Ahalteke bedewi, özüniň ajaýyp gözelligi, çydamlylygy we ýyndamlygy bilen bütin dünýäde tanalýar. Bu gadymy tohum, “asman bedewi” ady bilen meşhur bolup, türkmen halkynyň milli buýsanjynyň we medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.
Ahalteke bedewleri inçe bedeni, şöhle saçýan derisi we ajaýyp çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Merkezi Aziýanyň çöl şertlerinde oňat ýaşap bilýän bu bedewler, çydamlylyk we wepalylyk taýdan ýokary derejede baha berilýär. Şeýle hem, olaryň çaltlygy we çeýeligi sebäpli, bäsleşiklerde örän meşhurdyr.
2024-nji ýylda Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ykrar, türkmen halkynyň Ahalteke bedewleri bilen bagly baý medeni däp-dessurlarynyň ähmiýetini nygtaýar. Bu däpler, toýlar, ýaryşlar we däp-dessurlara gatnaşýan bedewleri bezemek ýaly köpsanly çäreleri öz içine alýar.
Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk Akademiýasy we ýaşlara bu tohumy wagyz etmek bilen baglanyşykly çäreler, bedewleriň arassalygyny saklamagy we türkmen halkynyň medeni däplerini dowam etdirmäge gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda bedewleriň türkmen halkynyň ruhy dünýäsindäki ornuna aýratyn üns berýär.
Ahalteke atçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi, ýurdumyzyň bu gymmatly mirasy gorap saklamakda edýän tagallalarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegidir. Bu bedewler, özleriniň täsin görnüşi we nepisligi bilen dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup, Türkmenistanyň dünýä bilen medeni gatnaşyklaryny hem güýçlendirýär.
Aýnur Alyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.