Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy dünýä ähmiýetli şahsyýet bolmak bilen, beýik şahyryň döredijilik mirasy umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine, şeýle hem parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýadyna öwrüldi. Munuň şeýledigine şu ýylyň 11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum nobatdaky gezek şaýatlyk edýär. Oňa dünýä döwletleriniň ençemesiniň Baştutanlary we ýokary derejeli wekilleri gatnaşyp, çuňňur mazmunly çykyş etdiler.
Mälim bolşy ýaly, bu iri forumda Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýik akyldaryň baý mazmunly edebi mirasynyň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitleýändigini aýdyp, Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk hem-de ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleriniň beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady. Şoňa görä-de, dana Pyragynyň goşgularyndan eriş-argaç bolup geçýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, demokratiýa, däp-dessurlara ygrarlylyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň hem esasy özenini düzýär.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklarynda dostlukly ýurduň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýakynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde, Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkelleri açylyp, akyldar şahyryň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysy çap edildi. Bu wakalar dana Magtymgulynyň edebi mirasynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidigini aýdyň görkezýär.
Magtymguly Pyragy baý döredijiligi bilen üç asyr bäri türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyryp gelýär. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we şahyryň beýikligi 60 metre ýetýän ýadygärliginiň açylmagy, «Magtymguly» atly kitabyň çap edilmegi hem beýik söz ussadynyň eserleriniň umumadamzat ähmiýetine eýedigini görkezýär.
Ýurdumyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, beýik şahyryň gymmatly mirasyny dünýä ýaýmak baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Bu ugurda örän köp işler ýerine ýetirildi. Milli Liderimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda akyldar şahyryň baý döredijiligini wasp etmek bilen, onuň hormat-sarpasyny, abraý-mertebesini has-da belende göterdi.
Ilýas ÝULDAŞOW,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň başlygy.