logo

Latest news:
✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦
Home / Society /3-nji iýun-Halkara Welosiped güni
  02.06.2022
1105
3-nji iýun-Halkara Welosiped güni

         Taryhdan belli bolşy ýaly welosiped sporty boýunça welotrek ýaryşlary ilkinji gezek 1893-nji ýylda Dünýä çempionaty geçirildi.Soňra 1894-nji ýylda Aşgabatda welosiped sürüjileriň jemgyýeti döredildi we 1900-nji ýylda welosport boýunça Halkara welosiped sürüjiler birleşigi esaslandyryldy.Welosport boýunja ilkinji Aziýa çempionaty 1963-nji ýylda geçirildi.Şeýle hem bize mälim seneleriň biri-de 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýun “Bütindünýä welosiped güni’’ diýip yglan edildi. Şu ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-nji sessiýasynyň 61-nji mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnama kabul edildi.Bu Kararyň kabul edilmegi welosiped sürmegiň beýleki ulaglara seredeniňde ekologiýa taýdan arassa ulagdygyny,şeýle hem adam saglygy üçin hemişe peýdalydygyny bellemek zerurdyr.

         Bütindünýä welosiped güni sportuň,sagdynlygyň,abadançylygyň,agzybirligiň hem-de parahatçylygyň baýramydyr.Sebäbi welosiped diňe bir adamzadyň akyl zähmetiniň önümi bilen döredilen ýönekeý bir ulag bolman,eýsem-de ol sagdyn ýaşaýyşyň,sporta bolan söýginiň esasy alamatydyr.

         Halkara welosiped günini bellemek Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly şatlyk şowhun bilen welosipedli ýörişler arkaly köpçülikleýin häsiýete eýe boldy.

Abdyjepbar ABDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy