logo

Latest news:
✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦ ✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦
Home / Politics /Ženewada BMG-niň ÝYK-niň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisi öz işine başlady
  18.02.2026
305
Ženewada BMG-niň ÝYK-niň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) Içerki ulag boýunça komitetiniň (IUK) 88-nji mejlisi işe başlady. Bu komitet ulag ulgamy we ulag syýasaty boýunça halkara derejesindäki esasy dialog meýdançalarynyň biri bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi web-saýtynda habar berildi.

 

88-nji mejlis dünýä döwletleriniň ulag edaralarynyň ýolbaşçylaryny, halkara guramalaryň wekillerini, degişli düzümleriň hünärmenlerini hem-de ulag ulgamyndaky işewür toparlaryň agzalaryny bir ýere jemledi. Çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar.

 

Mejlisiň gün tertibinde daşamalaryň awtomatlaşdyrylmagy, ulag infrastrukturasynyň sanlylaşdyrylmagy, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek hem-de kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny utgaşdyrmak ýaly möhüm meseleler ileri tutulýar.

 

Çäre «Geljekki içerki ulag üçin innowasiýalary ilerletmek» diýen şygar astynda geçirilip, ulag ulgamynda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly tehnologiýalaryň giňeldilmegine, infrastruktura ösüşine we halkara ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga bagyşlanýar.

 

Ýokary derejeli duşuşyklaryň dowamynda akylly ulag çözgütlerini ornaşdyrmak, sanly baglanyşyklylygy ösdürmek we durnukly söwda akymlaryna laýyklykda ulag hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça ministrler derejesinde panel maslahatlary guraldy.

 

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda ýurdumyzyň ulag ulgamyny sanlylaşdyrmagyň döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigini nygtady. Şeýle hem elektron resminama dolanyşygynyň hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmaga, döwletara maglumat alyş-çalyş ulgamyny ösdürmäge hem-de «Demirgazyk–Günorta» we «Günbatar–Gündogar» ugurlary boýunça sanly ulag geçelgelerini döretmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.

 

Mundan başga-da, BMG-niň ÝYK-si bilen amaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, hususan-da multimodal daşamalaryň sanlylaşdyrylmagy we maglumatlaryň awtomatlaşdyrylan alyş-çalyşygy boýunça bilelikdäki işleriň dowam etdirilýändigi aýratyn görkezildi.

 

Çykyşda milli başlangyçlaryň ählumumy Durnukly ösüş maksatlary bilen sazlaşygy, şol sanda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen 2026–2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy bilen arabaglanyşygy aýratyn nygtaldy.

 

Mejlis 2026-njy ýylyň 20-nji fewralyna çenli dowam eder.

 

Nurgeldi ATAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.