logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Zenanlar - durmuşyň gözelligi
  06.03.2026
563
Zenanlar - durmuşyň gözelligi

Ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji günleri Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dabaralar bilen aýratyn baýlaşýar. Bu baýramçylyk çäreleri enelere hem-de gelin-gyzlara goýulýan beýik hormatyň we sarpanyň aýdyň beýany bolup çykyş edýär.

 

Baýram mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dabaraly maslahatlar, aýdym-sazly çykyşlar, döredijilik duşuşyklary hem-de dürli bäsleşikler guralýar. Şeýle çäreler jemgyýetde ruhubelentligi döredip, baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrýar.

 

Halkara zenanlar güni mynasybetli ähli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlara, talyp gelin-gyzlara we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara pul sowgatlarynyň gowşurylmagy asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizde zenanlaryň mertebesiniň ýokary tutulýandygyny görkezýär.

 

Zenanlar maşgalanyň daýanjy, öý-ojagyň bezegi hökmünde jemgyýetde aýratyn orny eýeleýärler. Olaryň paýhasy, sabyrlylygy we yhlasly zähmeti jemgyýetimiziň ösüşine möhüm goşant goşýar.

 

Ýurdumyzda dürli ugurlarda üstünlik gazanan zenanlary sylaglamak hem gowy däbe öwrülendir. Zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn tapawutlanan zenanlara döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy olaryň hyzmatlaryna goýulýan ýokary bahanyň nyşanydyr.

 

Baýramçylyk mynasybetli guralýan sergilerde we döredijilik duşuşyklarynda gelin-gyzlaryň el hünärleri, döredijilik mümkinçilikleri giňden görkezilýär. Bu çäreler milli gymmatlyklarymyzyň ösdürilmegine hem ýardam berýär.

 

Aýnur HUDAÝBERDIÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.