Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Energetika – ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Energetika pudagy – döwlet ösüşiniň strategik binýady ✦ ✦ Matematika ylmy – ösüşiň binýady ✦ ✦ Türkiýede türki dilli döwletleriň ilkinji küşt çempionaty geçirildi ✦ ✦ Sylaglaryň gowşurylmagy mynasybetli brifing duşuşygy geçirildi ✦ ✦ “Hoş geldiň, Täze ýyl, täze umytlar bilen!” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi ✦ ✦ Saglygym baş baýlygym ✦ ✦ Sanly çözgütler bilen ykdysadyýetiň täze keşbi ✦ ✦ Edebiýat we pedagogika — ýaşlaryň ruhy ýolbeletleri ✦ ✦ Gadymy hünäriň eýesi: Daşoguzly ussa ýokary ada mynasyp görüldi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Zehinlilere baýrakly orunlar
  11.02.2020
757
Zehinlilere baýrakly orunlar

     Yurdumyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýä garaýyşly, düşünjeli bolmagy üçin dünýä derejesindäki beýik hem tutumly işleri durmuşa ornaşdyrýar. Olara etrap, şäher, welaýat, döwlet, halkara derejelerindäki jemgyýetimiziň ösüşleri bilen baglanyşykly bäsleşiklere gatnaşmaga giň mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Munuň şeýledigini golaýda “Altyn asyr altyn zehinlileri” atly bäsleşigiň Tejen etrap tapgyrynyň geçirilmegi hem doly şaýatlyk edýar.

      Bu bäsleşige  Tejen etrabynyň orta mekdepleriniň 29-syndan dürli derslere höwesjeň okuwçy-ýaşlaryň 180 sanysy diýseň uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar dersleriň 10 görnüşi boýunça zehinlerini synadylar. Okuwçy ýaşlar bäsleşigiň dersler boýunça sowallara takyk jogap bermek üçin yhlaslaryny gaýgyrmadylar. Netijede olaryň 90 sanysy baýrakly orunlara mynsyp boldular. Bäsleşigiň dowamynda toparlaýyn  görnüşinde 2-nji, 5-nji, 6-njy orta mekdepleriniň okuwçylary has hem tapawutlandylar. 2-nji orta mekdebiniň 9-njy synpynyň okuwçysy Şirin Amanmuhammedowa türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça, 5-nji orta mekdebiniň 10-njy synpynyň okuwçysy Rahat Garataýew taryh dersi boýunça, 6-njy orta mekdebiniň 9-njy synpynyň okuwçysy Begenç Amanmyradow informatika dersi boýunça, 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synpynyň okuwçysy Hydyr Hydyrow iňlis dili dersi boýunça has hem tapawutlanyp baýrakly 1-nji orunlara düşmegi başardylar.

       Bäsleşigiň ýeňijilerine etrap bilim bölüminiň hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy hem-de olar bu bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmagyna hukuk gazandylar.