Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ «Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly bäsleşigiň I tapgyry başlandy ✦ ✦ Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş okuwlary üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyz "Hakyda göwheri" atly täze kitaby bilen tanyşdyrdy ✦ ✦ Dünýäniň iň uly kub şekilli ymaraty gurulýar ✦ ✦ Ýurdumyzda oba hojalygynyň durnukly ösüşi ✦ ✦ Milli Lidermiziň täze kitaby — “Hakyda göwheri” ✦ ✦ Ahalteke atlary — Türkmeniň milli mirasy ✦ ✦ Türkmenistanda Sanly Bilim: E-Mekdep Programmasynyň Geljegi ✦ ✦ Žurnalistlere berilýän baýraklardan habaryňyz barmydy? ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşik yglan edildi
  08.11.2022
1746
«Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY:
 


Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň zehinli ýaşlary ýüze çykarmak baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, estrada aýdymçylarynyň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň zehinlilerini seçip almaga ýardam bermekden, geljekde olaryň sungat äleminiň ussat ýyldyzlary bolup ýetişmeklerine şert döretmekden, şeýle hem türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigi geçirmegiň tertibine, oňa gatnaşmagyň düzgünlerine laýyklykda, bäsleşik ýylyň dowamynda geçirilýär. Bäsleşige 17 — 35 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler. 

Birinji tapgyr: Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden döwlet we iri-medeni çärelere işjeň gatnaşyp, «Türkmen owazy» teleradioýaýlymyna ýylyň dowamynda gelen hatlar we sms seslenmeler arkaly saýlanan, halkyň söýgüsini gazanmagy başaran ýaş zehinli aýdymçylaryň emin agzalarynyň saýlamagynda iň köp ses alan 30 sanysy ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar. 

Ikinji tapgyr: Emin agzalar tarapyndan iň köp ses alan 30 sany ýaş estrada aýdymçylaryň aýdymlary diňlenip, olaryň iň ezberleri saýlanylyp alnar.

Saýlanan 20 sany aýdymçylaryň aýdymlary «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda yzygiderli ýaýlyma berler we tomaşaçylardyr diňleýjilerden gelýän sms seslenmelerine esaslanyp, şolaryň içinden iň köp ses alan 10 (on) sanysy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Bäsleşigiň birinji tapgyry 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 1 — 5-i aralygynda, ikinji tapgyry 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 10 — 15-i aralygynda, jemleýji tapgyry bolsa 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 15 — 20-si aralygynda geçiriler. 

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry: «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň uly studiýasynda geçiriler we oňa ikinji tapgyrda iň köp sms seslerini alan aýdymçylar gatnaşarlar. Olar bir aýdymy orkestriň sazandarlyk etmeginde, eminleriň we tomaşaçylaryň öňünde, ýene bir aýdymy bolsa sazsyz ýerine ýetirerler. Her çykyşdan soň emin agzalary aýdymçynyň ukyp-başarnygy barada öz pikirlerini aýdarlar. Jemleýji tapgyryň ahyrynda emin agzalary we tomaşaçylar çykyş eden aýdymçylara ses bererler. Şol sesleriň we sms seslenmeleriniň iň köpüsini alan aýdymçy bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan ediler we «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada, göçme nyşanyna, diplomlara, Hormat hatlaryna we gymmat bahaly sowgatlara eýe bolar.

Bäsleşigiň ýeňijileri Baş baýrak «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar kesgitlenip, ýeňijilere diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşan ähli aýdymçylar Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda gazanylan üstünlikleriň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen mukaddeslikleriň, türkmen tebigatynyň ajaýyp gözellikleriniň, arassa ahlaklylygyň, päk söýginiň waspy bäsleşige gatnaşyjylaryň aýdymlarynda öz beýanyny tapmalydyr. 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi: 44-88-79.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi: 44-00-74, 44-00-11, 48-96-82.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti: 44-22-22, 44-20-11.
 

Belläp geçsek, «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Onuň birinji ýeňijisi Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewa bolupdy. Geçen ýyl ýagny «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2021» diýen ada aýdymçy Begenç Çaryýew mynasyp bolupdy.