logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen barha ösýän hyzmatdaşlygy
  06.03.2023
728
Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen barha ösýän hyzmatdaşlygy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň ençeme halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Türkmenistan döwletimiziň abraýly halkara gurama bolan BMG bilen gatnaşyklary barha berkäp, ýurdumyz bu guramanyň möhüm konwensiýalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna hemişe ygrarlydygyny äşgär edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ata Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Häzirki güne çenli ýurdumyzda ýerleşýän Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalary, türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen halyçylyk sungaty, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», türkmen keşdeçilik sungaty ýaly medeni gymmatlyklarymyz we taryhy-medeni ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ýurdumyz ÝUNESKO-nyň halkara konwensiýalarynyň we köptaraplaýyn şertnamalarynyň 10-syna gatnaşýar. Şeýle-de ÝUNESKO bilen bilim, ylym, ekologiýa, sport ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin tagallalar işjeňleşdirilýär. Ýurdumyz bilen ÝUNESKO-nyň bilelikde alyp barýan işlerini has-da giňeltmek we ösdürmek bilen bir hatarda, döwletimiz bu gurama bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk esasynda medeni-mirasy we tebigatyň gaýtalanmajak ajaýyp ýerlerini saklamak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar. Häzirki wagtda döwletimizde bular bilen baglanyşykly ahal-teke atçylygyny, türkmen alabaýyny, dutarçylyk sungatyny, keçe sungatyny, demirçilik, türkmen milli göreşini, gözel Aşgabat şäherimizi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek, şeýle-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýubileýiniň 300 ýyllygyny 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Senenamasyna girizmek ugrunda birnäçe işler amala aşyrylýar. Bular ählisi bolsa, ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesini has hem belende galdyrmaga, diýarymyzy ösüşlerden ösüşlere sary öňe ilerletmäge bolan saldamly goşantdyr.

 

Azada RAŞIDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.