logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Ýurdumyzyň muzeýlerine «Milli» hukuk derejesi berler
  29.04.2022
1024
Ýurdumyzyň muzeýlerine «Milli» hukuk derejesi berler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistandaky muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy. Bu baradaky degişli Karara gol çekildi.

Resminamanyň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda muzeý işini has-da kämilleşdirmekden, muzeýleriň işiniň ösdürilmegini goldamakdan ybaratdyr.