logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy
  13.02.2023
1261
Ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy

12-nji fewralda, paýtagtymyzda ýerleşýän Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem-de dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy.

Açylyş dabarasyna, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, daşary döwletleriň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.

Eýranyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna EYR-nyň döredijilik wekiliýetiniň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, suratkeşler, halk senetçiliginiň hem-de sportuň gadymy milli görnüşleriniň ussatlary bar.

Eýranyň Türkmenistanda geçirilýän şu gezekki Medeniýet günleri dostluk we düşünişmek ýörelgelerini berkitmegi maksat edinýän iki halkyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda nobatdaky täze sahypany açar.