logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /ÝUNESKO-nyň sanawynda orun alan milli hem täzelenişiň baýramy
  13.03.2023
1242
ÝUNESKO-nyň sanawynda orun alan milli hem täzelenişiň baýramy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilmegine uly üns berilýär. Mähriban halkymyzyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşynda möhüm orun alan Nowruz baýramy gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, ol parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan milli baýramdyr. Bu baýram halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, hoşniýetli goňşuçylygy we birek-birege ynanyşmagy kemala getirýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýene sanlyja günlerden eziz halkymyz rysgal-berekede beslenip gelen Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi uly joşgun, uly ruhubelentlik bilen baýram eder. Şatlyk-şowhuna beslenip giňden belleniljek bu milli baýram ýurdumyzyň ähli raýatlaryny bähbitli beýik işlere ruhlandyryp, şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan gadymy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň karary esasynda her ýylyň 21-nji martynda «Halkara Nowruz gününiň» bellenilmegi, şeýle hem Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy baýramyň halkara derejesindäki at-abraýyny, ähmiýetini has-da ýokarlandyrdy. Türkmen edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň hem-de Gündogar akyldarlarynyň nusgawy eserlerinde Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti, onuň many-mazmuny çuňňur beýan edilýär. Halk döredijiligimizde hem medeni mirasymyzda Nowruz baýramyna uly orun berilmegi onuň taryhy kökleriniň asyrlaryň jümmüşine uzaýandygyndan habar berýär. Halkymyzda Nowruz baýramy bilen bagly yrym-ynançlaryň, däp-dessurlaryň ençemesi bar. Bu milli baýramda berjaý edilýän däpler, milli dessurlar bagtyýar nesillerimizi ata Watanymyza wepalylyk, tebigata söýgi, adamkärçilik, halallyk hem ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge, ýaşlaryň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri kemala getirmäge ýardam edýär. Halkara Nowruz gününiň bellenilmegi bu güni baýram edýän dünýä halklaryny birek-birege ýakynlaşdyrmak bilen, medeni-ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlanmagyna hem goşant goşýar.

Pursatdan peýdalanyp, ähli türkmen halkymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Serdarymyzy bahar gözelliklerinden gözbaş alýan, ykbala bahar mukamy bolup dolýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys!

 

Akjagül ATAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Jemgyýeti öwreniş ylymlary 
kafedrasynyň mugallymy.