logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /ÝUNESKO-nyň sanawy barha giňeýär
  27.02.2023
1057
ÝUNESKO-nyň sanawy barha giňeýär

Mälim bolşy ýaly golaýda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň iň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlyga degişli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy meseleleriň hatarynda «Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek baradaky mesele boldy. Hususan-da, bular Amul galasy, Mansaf rabady, Könegala, Akjagala, Gyzyljagala kerwensaraýlary, at-Tahmalaj duralgasy, Kuşmeýhan orta asyr şäheridir. Bu kerwen ýoly gadymyýetde Amyderýanyň goşandy bolan Zarawşan derýasynyň ýokary akymlaryndan başlanyp, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçipdir.

Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda «Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça milli ýadygärlikleriň birnäçesini «ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi teklip etmek hakynda ylalaşyga» gol çekilmeginiň möhümdigini bellediler. 

 

Mahym KÖSSEKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.