logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Culture /ÝUNESKO-nyň Pariždäki baş edarasynda Nowruz baýramçylygy bellenildi
  24.03.2024
793
ÝUNESKO-nyň Pariždäki baş edarasynda Nowruz baýramçylygy bellenildi

Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ilçihanalary hem-de ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanalary bilen bilelikde guramagynda Nowruz baýramyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Dabara ÝUNESKO-nyň Pariždäki merkezi edarasynyň kabul ediş zalynda geçirildi.

 

 

Dabarabyň çäklerinde aýdym-sazly konsert we milli tagamlar hödürlenildi. Baýramyň myhmanlary gatnaşyjy ýurtlaryň medeni baýlygy we köpdürliligi bilen tanyşmaga, şeýle hem milli aşhanalaryň däp bolan tagamlaryndan lezzet almaga mümkinçilik aldylar.

 

 

Bu ýerde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan elde dokalan türkmen halylary, milli egin-eşikler, şaý-sepler, ýadygärlik sowgatlar, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gymmatly eserleri görkezildi.

 

 

Hormatly myhmanlaryň arasynda ÝUNESKO-nyň baş direktory, hanym Odri Azule, Fransiýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara guramalarynyň Parižde ýerleşýän wekilhanalarynyň, şeýle hem diplomatik wekiliýetleriniň agzalary bar.

 

Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.