logo

Latest news:
✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦
Home / Sports /Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gandbol ýaryşy geçirilýär
  28.11.2023
655
Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gandbol ýaryşy geçirilýär

Berkarar döwletimiziñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ parasatly baştutanlygynda "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyñ" her bir güni şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär.  Ýaşlaryñ ylymly-bilimli, giñ dünýägaraýyşly, sagdyn berk bedenli ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin giñ mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda syýasy medeni çäreler bilen birlikde sport çäreleri öz gerimini has-da giñeltdi. Ýurdumyzyñ ähli sebitlerinde häzirki zaman bedenterbiýe- sport, sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlara döredilýän ähli mümkinçiliklere doly şaýatlyk edýär.

 

 

Şol sanda ýurdumyzyñ ýokary okuw mekdeplerinde sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäräniñ geçirilmegi bolsa ilatyñ saglygynyñ berkemegine, türkmen sportynyñ tuguny belentde pasyrdatjak türgenlerimiziñ kemala gelmegine ýardam edýär. Ýañy ýakynda Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynda ýokary okuw mekdepdeleriniñ gyzlarynyn arasynda sportuñ "Gandbol" görnüşi boýunça Türkmenistanyñ kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Indi bolsa 2023-nji ýylyñ  4-9-njy  dekabr aralygynda Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ sport toplumynda sportuñ "Gandbol" görnüşi boýunça ýurdumyzyñ ýokary okuw mekdepdeleriniñ oglanlarynyñ arasynda "Türkmenistan sagdynlygyñ  we ruhubelentligiñ ýurdy" şygary astynda geçirilýän çäreleriñ meýilnamasyna laýyklykda  Türkmenistanyñ kubogyny almak boýunça ýaryş geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

 

Ýurdumyzyñ sport abraýyny halkara derejesinde belende göterýän, ýaş türgenlerimize tälim bermekde biz tälimçilere şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyñ milli lideri Gahryman Arkadagymyza, , Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il- ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

 

Atamyrat GELDIMÄMMEDOW,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ
Halkara gatnaşyklary institutynyñ mugallymy.