Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gün energiýasyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri ✦ ✦ Agro pack sergisi öz işini tamamlady ✦ ✦ Ak bagtym sen, paýtagtym sen Aşgabat! ✦ ✦ Köpasyrlyk arzuwyň aýdyň dabaralanmasy ✦ ✦ Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisi geçiriler ✦ ✦ “Gilgameş” spektaklynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy ✦ ✦ Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmek boýunça maksatnama kabul edildi ✦ ✦ Bäherden etrabynyň hassahanasyna täze medisina enjamlary sowgat berildi ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda "Çalsana bagşy" bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçirildi ✦ ✦ Saud Arabystan Türkmenistana 25 tonna hurmany sowgat hökmünde ugratdy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi
  30.08.2023
222
Ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi

 Täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň 35-si girizildi. Şolaryň 21-si bakalawr, 8-si hünärmen, 6-sy magistr maksatnamalaryny öz içine alýar.

 


2023-2024-nji okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde taýýarlyk ugurlarynyň 2-si açylyp:
Talyplar durmuş işi ugry boýunça bakalawr;
Pedagogika bilimi ugry boýunça bolsa magistr maksatnamasy esasynda okuwa kabul edildi.

 


Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hem taýýarlygyň durmuş işi ugry boýunça bakalawr, psihologiýa-pedagogika bilimi ugry boýunça magistr maksatnamasyna laýyklykda talyplara bilim berip başlar.

 


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem maglumat howpsuzlygy ugry boýunça bakalawr, binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek, ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy, himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärleri boýunça hünärmen maksatnamasy esasynda talyplara bilim berlip başlanar.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw maksatnamasyna täze taýýarlyk ugurlarynyň birbada 6-sy girizildi. Geljekki ykdysatçylary taýýarlaýan bu ýokary okuw mekdebi taýýarlygyň buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit, maliýe, önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy, işewürlik-informatika ugurlary boýunça bakalawr, maliýe menejmenti, işewürlik-dolandyryş ýaly ugurlardan bolsa magistr maksatnamalary esasynda talyplary taýýarlap başlar.
Şu okuw ýylynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Indi, talyplar bu ýokary okuw mekdebinde demir ýollaryň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünärleri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologiki serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ugurlary esasynda bolsa bakalawr maksatnamasyna laýyklykda bilim alar.

 


2023-2024-nji okuw ýylynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti taýýarlygyň maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda), Türkmen oba hojalyk instituty bolsa oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy ugry boýunça bakalawr maksatnamasy esasynda talyplyga kabul etdi.

 


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy esasynda halkara ykdysadyýeti ugry girizilen bolsa, Türkmen döwlet maliýe institutynda telekeçilik we maliýe ugry açyldy.

 


Täze okuw ýylynda Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem ilkinji talyplaryny kabul eder. Döwrebap akademiýanyň okuw maksatnamasyna 9 sany hünär girizilip, şolaryň 2-si hünärmen, 7-si bolsa bakalawr maksatnamalary esasynda işlerini dowam etdirerler.

 


Umuman, 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna täze hünärleriň girizilendigini, şolaryň 21-siniň bakalawr, 8-siniň hünärmen, 6-synyň bolsa magistr maksatnamalaryny öz içine alýandyklaryny bellemek gerek. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň gymmatly ugur görkezmelerine laýyklykda, täze okuw ýylyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 35-siniň açylandygy guwandyryjy wakadyr. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda üstünlikli durmuşa geçirýän beýik işleriniň anyk mysallarydyr.