logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman aýratynlyklary
  04.11.2025
643
Daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman aýratynlyklary

Daşary ýurt dillerini öwretmek häzirki zaman bilim ulgamynda möhüm ugurlaryň biridir. Dili öwretmegiň baş maksady okuwçylaryň şol dili durmuş gatnaşyklarynda erkin we manyly peýdalanyp bilmek ukybyny ösdürmekden ybaratdyr. Munuň üçin okuwçylaryň diňlemek, gürlemek, okamak we ýazmak ýaly dil taýýarlygynyň ähli taraplary utgaşdyrylyp işlenilýär. Dili öwretmekde meýilleşdirilen sapaklar diňe maglumat bermek bilen çäklenmän, okyjynyň döredijilikli pikirlenme, aň-düşünje we medeniýetara aragatnaşyk ukybyny hem ösdürmelidir.

 

Daşary ýurt dilini okatmakda häzirki wagtda kommunikatiw we amaly esasly çemeleşimler ileri tutulýar. Kommunikatiw çemeleşme dili durmuş ýagdaýlarynda ulanmak arkaly öwrenmegi üpjün edýär. Bu usulda dialoglar, söhbetdeşlikler, rol oýunlar we toparlaýyn işler aýratyn orunda durýar. Şeýle hem wideo, audio ýazgylar, elektron maglumatlar we multimedia serişdeleri dili özleşdirmekde ähmiýetli bolup, diňlemek we düşünmek endikleriniň ösüşine ýardam edýär.

 

Dil öwretmegiň üstünlikli bolmagy üçin okuwçylaryň psihologik taýdan gyzyklanmasyny artdyrmak aýratyn möhümdir. Çagalaryň ýa-da talyplaryň dili öwrenmek islegi güýçlendirilse, olar täze sözleri we gurluşlary ýeňil kabul edýärler. Şeýlelikde, daşary ýurt dillerini öwretmek diňe dil derejesini ýokarlandyrmak däl-de, eýsem dünýäňi giňeltmek, täze medeniýetleri tanamak we halkara aragatnaşyk gurmak üçin möhüm mümkinçilik döretýär.

 

Ogulmaral BOPBYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.