logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Kompýuter tehnologiýalarynyň häzirki döwürde bilim ulgamynda orny we ösüşi
  05.11.2025
833
Kompýuter tehnologiýalarynyň häzirki döwürde bilim ulgamynda orny we ösüşi

Häzirki zaman jemgyýeti maglumat tehnologiýalarynyň we sanly ösüşleriň ýokary depginlerde ösýän döwründe ýaşaýar. Şonuň netijesinde kompýuter tehnologiýalary bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda möhüm orny eýeleýär. Bilim bermekde sanly serişdeleriň ornaşdyrylmagy diňe okuw prosesini döwrebaplaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlaryň innowasion pikirlenmegini ösdürmäge, döredijilikli we analitiki ukyplaryny kämilleşdirmäge hem ýardam edýär.


Bilim ulgamynda kompýuter tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylmagy okuwçylara we mugallymlara giň mümkinçilikleri açýar. Elektron kitaplar, wideo sapaklar, sanly okuw portallary, interaktiw platformalar we test ulgamlary okuw prosesini has täsirli edýär. Şeýle hem, maglumatlaryň saklanylmagy, paýlanyşy we seljerilişi has ýeňilleşýär. Mugallymlar dürli elektron serişdeleriň üsti bilen okuwçylaryň bilim derejesini anyk seljerip, ders boýunça birek-birege uýgunlaşdyrylan okuw usullaryny ulanyp bilýärler.


Türkmenistanda hem sanly bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. “Sanly bilim” we “e-Mekdep” ýaly platformalaryň üsti bilen okuwçylara elektron kitaplara, wideo sapaklara we interaktiw öwreniş çeşmelerine elýeterlik döredilýär. Şeýle mümkinçilikler, aýratyn-da, sebitlerde ýaşaýan okuwçylaryň ýokary hilli bilim çeşmelerine ýakynlaşmagyna ýardam berýär.


Kompýuter tehnologiýalarynyň ösmegi ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-barlag işleriniň netijeliligini hem ýokarlandyrýar. Sanly maglumat bazalary, statistik analiz programmalary, 3D modelirleme we simulýasiýa ulgamlary arkaly talyplar we alymlar ylmy barlaglaryny has çalt we takyk amala aşyrýarlar. Bu bolsa ýurdumyzyň ylmy ösüşiniň halkara derejesine çykmagyna mümkinçilik berýär.


Şeýle-de, häzirki döwürde ýaşlaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak möhüm meseledir. Programmirläp bilmek, maglumatlary dolandyrmak we sanly maglumatlary howpsuz saklamak ýaly başarnyklary ösdürmek ýaşlaryň geljekki hünär taýynlygyny pugtalandyrýar.

Suwhanberdi Mämmetorazow,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.