logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew ABŞ-a iş saparyny amala aşyrdy
  05.11.2025
716
Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew ABŞ-a iş saparyny amala aşyrdy

28-nji oktýabrda ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew AC Language School-niň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk ABŞ-daky Türkmenistanyň Ilçihanasynyň goldawy bilen guraldy.


Gepleşikde taraplar iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Esasy mesele hökmünde orta hünär we ýokary okuw jaýlarynda täze okuw maksatnamalaryny synag görnüşinde girizmek baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Täze maksatnama talyplaryň bilimini diňe nazary taýdan däl, eýsem amaly taýdan-da ösdürmek üçin döredilýär. Ilkinji tapgyrda bu maksatnama syýahatçylyk, tehnologiýa, inženerçilik, energetika we oba hojalygy ýaly ugurlarda synag ediljekdir. Bu ulgamlar ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär.


Duşuşykda şeýle hem mugallymlary taýýarlamak we okuw materiallaryny döwrebaplaşdyrmak barada gürrüň edildi. Taraplar “mentor” taýýarlygyny, okuw serişdelerini hem-de jemleýji synaglaryň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.


Şeýle hem okuwlaryň diller boýunça goldaw bilen üpjün edilmegi, internet arkaly durnukly aragatnaşygyň bolmagy we ähli ýaşdaky ulanyjylar üçin aňsat ulanylyşly sanly platformalaryň taýýarlanylmagy boýunça pikirler orta atyldy.


Duşuşykda maglumat howpsuzlygy, maglumatlaryň saklanyşy we okuw prosesiniň netijeliligini seljermek bilen bagly meseleler hem aýratyn üns merkezinde boldy.


Netijede, taraplar AC Language School tarapyndan taýýarlanyljak synag maksatnamasynyň gysgaça konseptini döretmek barada ylalaşdylar. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanda bilim ulgamyny täze derejä çykarmaga we halkara tejribäni ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Çeşme: education.gov.tm