logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Iňlis dilini okatmagyň usullary
  04.11.2025
857
Iňlis dilini okatmagyň usullary

Iňlis dilini okatmagyň usullary häzirki zaman dil öwretmek tejribesinde möhüm orun eýeleýär. Dili öwretmegiň netijeli bolmagy, ilkinji nobatda, onuň amaly ulanylyşyny üpjün edýän pedagogik çemeleşimleriň dogry saýlanyşyna baglydyr. Iňlis dili, halkara aragatnaşyk serişdeleriniň biri hökmünde, okuwçylaryň sözleýiş, diňlemek, ýazmak we düşünmek endiklerini ulgamlaýyn ösdürmegi talap edýär. Şonuň üçin hem sapaklaryň gurluşynda häzirki zaman ugurly okuw-usul ýörelgeleri ornaşdyrylýar.

 

Okuw praktykasynda giňden ulanylýan kommunikatiw usul okuwçylaryň dili göni aragatnaşykda ulanyp öwrenmegine gönükdirilendir. Bu usulda sözleýiş ýagdaýlary, gündelik durmuşa degişli söhbetdeşlikler, rol oýunlar we toparlaýyn gepleşikler ileri tutulýar. Kommunikatiw usul dili mehaniki ýatlamak däl-de, düşünip, ýagdaý esasynda ulanmak tejribesini döredýär. Netijede okuwçylar gürlemekde batyrgaýlyk we erkinlik gazanýarlar. Şeýle hem audiowizual usul häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerine daýanýar. Diňleýiş materiallary, wideo sapaklar, kinofilmler, elektron okuw çeşmeleri dili çalt we tebigy ýagdaýda özleşdirmäge ýardam edýär. Ses we şekil üpjünçiligi dili kabul etme prosesi bilen gös-göni baglanyşykly bolup, okuwçynyň eşidiş, düşünmek we dil tempini duýmak başarnygyny ösdürýär. Bu usul, aýratyn hem, dürli ýaşdaky okuwçylaryň ünsüni çekmekde täsirli bolýar.

 

Dili okatmakda köplenç ulanylýan grammatik-terjime usuly hem ähmiýetini ýitirmän gelýär. Bu usul grammatik düzgünleri anyk we düşündiriji görnüşde bermegi, sözleri we sözlemleri dil taýdan dogry gurluşda ulanmagy üpjün edýär. Şeýle-de bolsa, bu usulyň çäklerinde gepleşik tejribesiniň pes bolmagy mümkin. Şonuň üçin ony beýleki çemeleşimler bilen utgaşdyrmak maslahat berilýär. Häzirki wagtda okuw tejribesinde wezipe esasynda öwretmek usuly (Task-based learning) hem giňden ornaşdyrylýar. Bu usulda okuwçylar belli bir maksatlaýyn işi ýerine ýetirmek arkaly dili peýdalanýarlar. Mysal üçin, toparlaýyn taslama taýýarlamak, prezentasiýa döretmek ýa-da durmuş taýdan belli ýagdaýy çözmek ýaly işler okuwçylaryň döredijilik we sözleýiş endiklerini birleşdirip ösdürýär. Şeýle ýagdaýda dil diňe öwrenilýän maglumat däl, eýsem amaly iş ussady bolýar.

 

Mundan başga-da, esasan başlangyç dereje üçin peýdaly bolan hereket arkaly öwretmek usuly (Total Physical Response) hem ulanylýar. Mugallymyň aýdan buýruklaryny bedeni hereket arkaly ýerine ýetirmek sözleri we sözlemleri aňda berkidýär. Bu usul dili emosional hem fiziki taýdan kabul etmegi üpjün edip, gorkusyz we gyzykly okuw atmosferasyny döredýär.

 

Netijede iňlis dilini okatmakda iň täsirli netijä eýe bolmak üçin usullaryň toplumlaýyn ulanylmagy zerurdyr. Käbir usullar sözleýiş endigini ösdürse, beýlekiler grammatika, diňlemek ýa-da döredijilikli pikirlenme ukybyny güýçlendirýär. Şonuň üçin mugallym sapagy meýilleşdirende okuwçylaryň ýaş aýratynlygyny, derejesini we maksatlaryny göz öňünde tutup, degişli usullary sazlaşykly utgaşdyrmalydyr.

 

Selbi ÇOLUKOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.