Häzirki döwrüň ösüş ugurlaryna nazar aýlanyňda, ylmyň we ýokary tehnologiýalaryň jemgyýetiň ösüşinde iň möhüm orny eýeleýändigi aýdyň görünýär. Dünýäniň ähli döwletleri ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hem ylym we innowasiýa ulgamlaryny ösdürmegi öz ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy maksady — täze ylmy maglumatlary önümçilige ornaşdyrmak, innowasion pikirlenmäni ösdürmek we ýaş alymlaryň döredijilik mümkinçiliklerini doly açmakdyr.
Bilim we ylym biri-birinden aýrylmaz düşünjelerdir. Ylmyň ösüşi bilimiň mazmunyny baýlaşdyrýar, bilim bolsa ylmyň täze ugurlaryny ösdürmäge ýol açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýokary okuw jaýlarynda we ylmy-barlag institutlarynda innowasion barlaglary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parky derejesiniň berilmegi hem bu ugurda möhüm ädim boldy. Bu çözgüt ýurdumyzyň alymlaryna halkara ylmy hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen tejribe alyşmaga giň mümkinçilik açdy.
Ýurdumyzda ylma we tehnologiýalara berilýän döwlet goldawy diňe bir alymlaryň döredijilik işini däl, eýsem ýaşlaryň bu ugra bolan gyzyklanmasyny hem güýçlendirýär. Her ýyl 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän halkara maslahatlar, ylmy sergiler we bäsleşikler ýaş nesliň täze pikirler bilen çykyş etmegine, öz zehinini görkezmegine mümkinçilik berýär. Şol çäreleriň biri bolan “Ýaşyl ykdysadyýet — ösüşiň geljegi” atly halkara maslahatda bio-, nano-, maglumat we ekologiýa tehnologiýalarynyň jemgyýetiň durnukly ösüşindäki ähmiýeti giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň ykdysady syýasatynda “ýaşyl” tehnologiýalar aýratyn orny eýeleýär. Energiýa tygşytlaýjy we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy diňe bir tebigaty goramak bilen çäklenmän, ýurduň ykdysady netijeliligini hem ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Bu ugurda geçirilen ylmy barlaglar we halkara hyzmatdaşlyk taslamalary ýurdumyzyň dünýäniň durnukly ösüş maksatlaryna goşýan goşandyny görkezýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda we ylmy-barlag merkezlerinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna, sanly ykdysadyýete we emeli aň ulgamyna degişli barlaglaryň gerimi ep-esli giňeldi. Bu bolsa Türkmenistanyň sanly ösüş ugrunyň öňdebaryjy ylym bilen berk baglanyşýandygynyň subutnamasydyr. Sanly bilim ulgamy, elektron dolandyryş, sanly hyzmatlar ýaly täze innowasiýalar diňe bir ykdysadyýetiň däl, tutuş jemgyýetiň ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar.
Türkmenistanyň ylmy ösüş strategiýasynyň esasy maksady — dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulyşmakdyr. Munuň üçin ýurdumyzyň alymlary halkara ylmy forumlarynda, hyzmatdaşlyk taslamalarynda işjeň gatnaşýarlar. Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde alnyp barylýan “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri — geljegiň energiýasy” atly taslama bu babatda üstünlikli hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaş alymlary we talyplary Arkadag şäheriniň gurluşygynda ornaşdyrylan “akylly” tehnologiýalar arkaly özleriniň teoriki bilimlerini amalda ulanmak mümkinçiligine eýe boldular. Arkadag şäheriniň döredilmegi — ylmyň, tehnologiýanyň we innowasiýanyň döwrebap durmuşa ornaşdyrylmagynyň iň aýdyň subutnamasydyr.
Netijede, Türkmenistan ylym, bilim we ýokary tehnologiýalaryň üsti bilen durnukly ösüşiň ýolunda ynamly öňe barýar. Alymlaryň döredijilik güýji, ýaşlaryň innowasion pikirlenmesi we döwlet derejesindäki goldaw Watanymyzyň häzirki hem-de geljekki ösüşiniň berk binýadyny düzýär.
Rejep Işanow,
Yhlasmyrat Nurberdiýew,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary.