logo

Latest news:
✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦
Home / Science and Education /Sanly bilim ulgamy döwrebap pedagogik usul hökmünde
  04.11.2025
516
Sanly bilim ulgamy döwrebap pedagogik usul hökmünde

Bilim bermek jemgyýetiň ösüşiniň iň möhüm sütünleriniň biridir. Pedagogika ylymynda ýaş nesle bilim bermekde dürli usullar — sözli düşündiriş, görkezme, amaly we interaktiw görnüşler giňden ulanylýar. Häzirki döwürde bolsa, ösen tehnologiýalaryň giň gerim almagy bilen bu usullaryň hataryna täze – sanly bilim ulgamy hem girýär. Sanly bilim häzirki zaman pedagogikanyň möhüm görnüşi hökmünde ýaş nesle döwrebap we interaktiw görnüşde bilim bermekde möhüm orny eýeleýär.


Sanly bilim ulgamy okuwçylara we mugallymlara giň mümkinçilikleri berýär. Bu ulgam arkaly maglumatlar diňe kitaplarda däl, eýsem internet arkaly, sanly platformalaryň üsti bilen elýeter bolýar. Mugallymlar sanly serişdeleri (wideo sapaklar, animasiýalar, interaktiw synaglar) ulanmak arkaly okuwçylarda gyzyklanma döretýärler. Netijede, okuw prosesi diňe maglumat alyş-çalyş däl, eýsem täsirli özara gatnaşyga öwrülýär.


Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler milli bilim strategiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň 2025-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” ýurduň ähli bilim basgançaklarynda döwrebap tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Bu maksatnama esasynda mugallymlar täze sanly serişdeleri ulanmagy, elektron sapaklary taýýarlamagy, maglumatlaryň wizual görnüşde berilmegini öwrenýärler.


Sanly bilim ulgamynyň möhüm aýratynlygy – elýeterlilik we wagty tygşytly ulanmakdyr. Okuwçy öýünde, kompýuter ýa-da telefon arkaly sapaklara gatnaşyp biler, mugallymlar bolsa olaryň öňegidişligini elektron ulgam arkaly yzarlap bilerler. Şeýle mümkinçilikler ýurduň ähli künjeginde ýaşlaryň ýokary hilli bilime deň elýeterligini üpjün edýär.


Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan döredilen “e-Mekdep” platformasy sanly bilim ulgamynyň üstünlikli mysaly bolup durýar. Bu ulgam arkaly okuwçylar dersler boýunça maglumatlary alýarlar, öý işleriniň ýerine ýetirilişine baha berilýär, mugallymlar bilen aragatnaşyk saklanýar. Şeýle platformalar ýurdumyzyň bilim ulgamyny täze derejä çykarmaga, okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we ýaşlaryň döredijilik ukybyny ösdürmäge uly itergi berýär.


Geljekde sanly bilim ulgamy emeli aň bilen utgaşdyrylyp, her okuwçynyň zehinine, öwreniş tizligine görä ýöriteleşdirilen okuw meýilnamalary dörediler. Bu bolsa bilimiň şahsylaşdyrylmagyna, her bir okuwçynyň mümkinçilikleriniň doly açylmagyna mümkinçilik berer.


Netijede, sanly bilim ulgamy diňe tehnologiýa däl, eýsem häzirki zaman pedagogikanyň täzeçe usuly hökmünde ýurdumyzyň bilim ulgamynda giň orun alýar. Ol ýaş nesliň döredijilikli pikirlenmegine, ylmy-tehniki taýdan düşünjesiniň giňelmegine we ýurdumyzyň intellektual ösüşine hyzmat edýär.

Oguzhan Annageldiýew,
Nepesdurdy Amannepesow,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary.