logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / In the world /Emeli aň iş bazaryny nähili üýtgedýär?
  04.11.2025
386
Emeli aň iş bazaryny nähili üýtgedýär?

Dünýäniň iň iri söwda kompaniýalarynyň biri bolan Amazon, soňky ýyllarda ammarlarynda we eltip bermek ulgamlarynda awtomatlaşdyrylan tehnologiýalary giň gerimde ulanmak boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär. Kompaniýa häzirki wagtda bu ugurda has giň göwrümli özgertmäni meýilleşdirýär — 2033-nji ýyla çenli 600 müň işçini robot ulgamlary bilen çalyşmak meýilnamasy bilen çykyş etdi. Bu barada “The New York Times” neşiri habar berýär.


Amazon-yň bu ädimi, ilkinji nobatda, artýan müşderi sargytlaryna has tiz we bökdençsiz hyzmat etmek, şeýle hem täze işgärleri işe almak bilen baglanyşykly çykdajylary azaltmak maksadyny göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda kompaniýanyň dünýä boýunça ammarlarynda we logistika merkezlerinde 1,5 milliondan gowrak işgär işleýär. Bu görkeziji boýunça Amazon, ABŞ-nyň federal hökümetinden we Walmartdan soň, ýurduň üçünji iň uly iş beriji hökmünde tanalýar.


Täze strategiýa durmuşa geçirilse, kompaniýanyň işgärleriniň sany 900 müňe çenli azalmagy mümkin. Bu bolsa, sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň adam iş güýjüne edýän täsiriniň anyk mysaly hökmünde garalýar. Şeýle-de bolsa, Amazon jemgyýetde bu özgertmäniň tehnologiýa ösüşiniň tebigy tapgyry hökmünde kabul edilmegi üçin ýörite kommunikasiýa strategiýasyny taýýarlaýar.


Resminamalarda “awtomatlaşdyryş” ýa-da “robot” diýen sözleriň ýerine has ynandyryjy we oňyn many berýän “öňdebaryjy tehnologiýalar” we “kobot” (collaborative robot – ýagny adam bilen hyzmatdaşlykda işleýän robot) ýaly atlar ulanylýar. Bu terminologiýa jemgyýetde “adam işini çalyşýan maşyn” düşünjesini ýumşatmaga hem-de täze tehnologiýalaryň adam bilen bilelikde işleýändigini görkezmäge gönükdirilendir.


Mundan başga-da, kompaniýa robotlaryň ornaşdyrylmagy bilen bir wagtda tehniki hyzmat, programmirleme, maglumat howpsuzlygy ýaly ugurlarda täze iş orunlarynyň dörediljekdigini belleýär. Şeýlelikde, iş güýçleriniň käbiriniň ýitirilmegi bilen bir wagtda sanly bilim we IT hünärmenlerine bolan islegiň artmagy ähtimal.


Amazon-yň bu başlangyjy diňe bir kompaniýanyň ykdysady strategiýasy hökmünde däl, eýsem dünýä iş bazarynda emeli aňyň orny barada täze pikirlenmäni döredýär. Geljekde bäsdeşlige ukyply bolmak üçin ýurtlaryň we kärhanalaryň emeli aň bilen hyzmatdaşlykda işleýän adamlary taýýarlamak ugrunda täze bilim maksatnamalaryny girizmegi zerur bolar.

Magtymguly Saryýew,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.