logo

Latest news:
✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦ ✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦
Home / Culture /Sungatda halypa-şägirtlik ýoly
  06.11.2025
535
Sungatda halypa-şägirtlik ýoly

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet we halkara ähmiýetli dabaralara uly orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen sungat ojagymyzda döredijilik eserleriniň sergisini gurnamak asylly däbe öwrüldi. Türkmen halky şägirt ýetişdirmek meselesine aýratyn ähmiýet berip, hünäriň, senediň, sungatyň ýitip gitmezliginiň, olardaky iň gowy däpleriň saklanyp galmagynyň, şeýle-de döwrebap kämilleşdirilmeginiň talapkär tarapdary bolupdyr. «Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter», «Şägirtsiz ussat – miwesiz daragt», «Ussat gören şägirt her ädimde ýorgalar» ýaly nakyllary ata-babalarymyzyň şägirtleriň öz mugallymlaryndan has ökde bolup ýetişmegine, öwrenýän kesbine haýsydyr bir täzelik girizmegini isländigini beýan edýär.


2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda  sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda mugallymlaryň, talyplaryň hem-de sungaty söýüjileriň gatnaşmaklarynda «Mekdebe öwrülen ömür» atly Türkmenistanyň Halk suratkeşi Annadurdy Almamedow we onuň şägirtleriniň döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide birnäçe ajaýyp, özüne çekiji sungat eserleri görkezildi. Olaryň arasyndan esasan-da Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, Kössekmyrat Nurmyradowyň, Kamil Weliahmedowyň, Babageldi Hojageldiýewiň we beýleki suratkeşleriň eserleri özboluşlylygy hem-de çeperçilik aýratynlygy bilen tapawutlanýar.


Halypa suratkeş Annadurdy Almamedowyň “Ebedi daglar”, “Parahatçylygyň buşlykçylary”, “Narlar”, “Daglaryň mukamy” ýaly sungat eserlerinde mes toprakly gözel tebigatymyz, beýik daglar hem-de asudalygyň, parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderiler şekillendirilen. Bu bolsa biziň hemişelik Bitarap, Garaşsyz ýurdumyzda asuda, parahat durmuşda ýaşaýandygymyzyň aýdyň subutnamasydyr.


Suratkeşler Näzik Almamedowanyň «Gelinler» (2011), Täçjemal Gylyçdurdyýewanyň «Dowamat» (2025), Laçyn Toýlyýewanyň «Öý bikesi» (2025), Abdylla Mämmetberdiýewiň «Monjukatdy» (2022) atly zenan baradaky döredijilik eserlerinde türkmen gelin-gyzlary, olaryň milli egin-eşikleri şekillendirilipdir. Eserlerde türkmen zenanlarynyň keşbi ruhy dünýäsiniň gözelligi, milli özboluşlylygy çeper beýan edilýär. Şeýle-de olaryň keşbinde agraslylygyň, edep-terbiýäniň asyl ýörelgeleri teswirlenýär. 


Halypanyň şägirtleriniň eserlerinde Annadurdy Almamedowyň awtoportreti görkezilýär. Munda şägirtleriň öz halypasyna bolan söýgüsini, olaryň döredijilik ýolunda halypasynyň yhlasynyň hem-de zähmetiniň uly ornunyň bardygyny görmek bolýar.


Türkmeniň milli halypa-şägirtlik mekdebiniň mynasyp dowam edýändigini görkezýän «Mekdebe öwrülen ömür» atly sergisi ýaşlaryň döredijilik äleminde has-da kämilleşmegine, Watanymyza bolan söýgüsini artdyrmakda esasy ýörelge bolup durýar.

Oguljan Annamämedowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti»
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.