logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Science and Education /Ylymly ýaşlar täze Galkynyşyň ak ýolunda
  22.12.2022
807
Ylymly ýaşlar täze Galkynyşyň ak ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň bilim almagyna, ylma teşne kalbyndaky arzuwlaryny amala aşyrmaklygy üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimizde bedew batly ösüşleriň gazanylmagynda ylmy özgertmeleriň täsiriniň uludygy ählimize mälim bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýen sözleri döwletimizde Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýaş nesiller babatda möhüm başlangyçlaryň kemal tapýandygyndan nyşandyr. Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamynda sanly özgertmeleriň ençemesi amala aşyrylyp, jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hasap edilýän bilimi kämilleşdirmeklik esasy üns merkezinde saklanylýar. Bilimi kämilleşdirmegiň netijeli ýollarynyň biri-de sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Gündelik durmuşymyz bilen birlikde bilim ulgamynda hem sanly ulgama geçmek işleri giň gerime eýe boldy. Mekdebe ilkinji gezek gadam basan çagalara ykjam kompýuterleriň sowgat berilmegi bolsa ýaş nesilleriň döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine ýardam edýär. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artmagy ilkinji nobatda ýurduň bilim ulgamynyň binýadynyň berk bolmagyna, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ösen düşünjeli, ruhubelent şahsyýetler bolup kemala gelmeklerine bagly bolup durýar. Şonuň ýaly-da, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşi ylmyň soňky gazananlarynyň, kämil tehnologiýalaryň doly ornaşdyrylyşyna we akylly enjamlary dolandyrmakdan ezberlik bilen baş çykarýan dörediji ýaşlara baglydyr. Ata Watanymyzyň at-abraýyny belende götermekde mynasyp goşant goşýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugry hökmünde kesgitlenendir. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlaryň döwlet tarapyndan ygtybarly goraglylygynyň üpjün edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu bolsa üstünlikler bilen kuwwatlanýan döwletimiziň nurana geljegi bolan ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeltmäge oňaýly ýardam berýär. Bu gün ata Watanymyzyň bagtyýar yhlasly okap, öwrenip, öz hünärlerini kämil ele almakda, dürli pudaklarynda halal hem yhlasly zähmet çekmekde, eziz ýurdumyzyň abraý-mertebesini mundan beýläk-de belende götermekde perzentlik yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämil derejelere ýetirmekde, ýaşlaryň ilhalar, watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde parasatly döwlet syýasatyny alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň bagta rowan bolýan ak ýollarda üstünliklere beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris! 

 

Aýbibi KUTLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.