Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanly agyr atletikaçy Aziýa çempiony boldy ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze suw arassalaýjy desgalar açyldy ✦ ✦ Telemedisina sanly tehnologiýa arkaly hyzmat bermek ✦ ✦ Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar ✦ ✦ Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikeri - tebigatyň şypaly hazynasy ✦ ✦ Günde näçe ädim saglyk üçin peýdaly ✦ ✦ Hajy Bekdaş Weli — şahyrlar piri ✦ ✦ «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň III oýny geçirildi ✦ ✦ Zehin bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym öwrenmek - dünýä akyl ýetirmek
  03.11.2024
166
Ylym öwrenmek - dünýä akyl ýetirmek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyzy tagallary, öňden görüjilikli döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzda ylyma uly üns berilýär. Ylym bilen meşgullanýan ylmy işgärlere maddy taýdan goldawlar berilýär.

 

Ylym – aňyrsyna gözüň ýetmeýän umman kibi giňdir. Ylym öwrenip, onuň aňyrsyna doly derejede çykan adam ýokdur. Ylym – adamzadyň elinden hiç kim alyp bilmeýän bahasyz baýlygydyr. Ylym öwrenmek, bilmek arkaly adam dünýä akyl ýetirip bilýär. Ýer ýüzünde bolup geçýän hadysalary, wakalary öwrenýär. Ylym - kämilligiň gözbaşy. Ýyllaryň dowamynda adamzat bilmek, öwrenmek arkaly özüni kämilleşdirýär. Şonuň esasynda hem gadym döwürlerden bäri birnäçe ugurlar boýunça ylmy açyşlar edildi. Ylymsyz adam edil miwesiz agaç ýalydyr. Ylym we bilim ynsana ganatdyr. Döwletiň we jemgyýetiň ösüşi-de ylymda we bilimde görülýär. 


Biziň Diýarymyzda ylmyň ösmegine döwletimiz tarapynda uly goldaw-hemaýatlar döredilýär. Ylmy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Ylmy-barlag işlerini geçirmek, oýlap-tapyşlaryň üstünde işlemek, ylma hööwesi bolan ylmy işgärleri taýýarlamak üçin giň şertler we mümkinçilikler döredilýär. 


Ylym – hakykat barada akyl ýetirmeleriň,  bilimleriň gönükdirlen adamzat işiniň gurşawydyr. Ylmyň esasy düýbi hakyky maglumatlary ýygnamakdan, bu maglumatlary hemişe täzeläp durmakdan, gözegçilik edilýän hadysalary, netijeleri seljermekden ybaratdyr. Ylym – tebigatyň, jemgyýetiň ösüşindäki kanunlar barada bilimler toplumy. Ylym – adamzadyň giň gözýetimidir, düýpsüz çuň guýudyr.


Şeýle ajaýyp zamanada ylmyň ösmegine giň ýol açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Goý,  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Alyp barýan ýurt ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Sähragözel MÜRZÄÝEWA
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirlen
umumybilim berýän mekdep
internatynyň direktory