Bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda onuň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän ylym-bilim ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilim ugrundaky özgertmeler çagalar baglaryndan başlap tä ýokary okuw mekdeplerine çenli aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyndaky özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi muňa ýardam edýär.
Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy mekdepleriň okuw tertipnamasyna hem möhüm täzelikler girizildi. Oňa esasy sapaklar bilen birlikde, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirlemek we grafika, maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar ýaly sapaklar girizildi. Sanly ulgama geçmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipeleri ýurdumyzda himiýany, biologiýany we beýleki sapaklary çuňlaşdyryp öwrenmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegi hem talaba laýyk işleriň biridir. Mekdep okuwçylarynyň öwrenýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek hakyndaky çözgüt hem bu ugurdaky möhüm ädimleriň biridir. Bu çözgüt köptaraply halkara hyzmatdaşlygyň çägini işjeň giňeltmek we okgunly ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Iňlis, fransuz, nemes, ýapon we beýleki dilleri çuňlaşdyryp öwredýän okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär.
Arkadagly Serdarymyzyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen geçirýän duşuşyklarynyň ählisiniň gün tertibinde halkara bilim alyşmalary bilen baglanyşykly meseleler girizilýär. Munuň özi ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilýän resminamalarda öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýokary dünýä derejesine çykmagy möhüm wezipeleri öňde goýýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda şol wezipeler üstünlikli çözülýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara okuw mekdepleriniň döredilmegine, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-mugallymçylyk edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagyna, şolaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligiň üpjün edilmegine degişlidir.
Milli Liderimiziň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän ylym-bilim ulgamynyň öňünde goýan wezipeleriniň çözülmegi täzeçe pikirlenmegi başarýan hünärmenlere taýýarlamak işinde we şonuň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda, Watanymyzyň täze belentliklerine tarap okgunly öňe gitmeginde nobatdaky möhüm ädim bolar.
Selbi SÜLEÝMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.