Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylmy-tehnologik ösüşler bilen ýurdumyz özgerýär
  29.05.2023
677
Ylmy-tehnologik ösüşler bilen ýurdumyz özgerýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamy netijeli esasda ösdürilýär, oňa innowasion tehnologiýalar içgin ornaşdyrylýar. Bagtyýar döwürde ähli zehinlerini, döredijilik ukyplaryny ylmyň ösmegine bagyş edýän ýaş hünärmenleriň, ýaşlaryň sanynyň barha artmagy türkmen ylmynyň ösüşlerini dünýä ýaýmakda möhüm görkezijidir. Gülleýän, gül açýan mähriban Watanymyzda gysga döwrüň içinde ylym ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny has-da pugtalandyrmak we ösen dünýä derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň netijeliligini artdyrmak we ony döwletimiziň ösüşlerine gönükdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ylmy-önümçilik institutlarynda, ylmy merkezlerde, bilim ojaklarynda ýaşlaryň gatnaşmagynda döwrebap ylmy barlaglary alyp barmak, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak, ylmy hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli amatly şertler döredilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen möhüm wezipelere laýyklykda, dünýä ylmynyň gazananlarynyň we ösen tejribesiniň giňden peýdalanylmagyna, ylmy barlaglaryň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipelerden ugur alyp, himiki tehnologiýalar, nanotehnologiýalar, ýangyç-energetika, biotehnologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ileri tutulýan ugurlarda ylmy-barlaglaryň alnyp barylmagyny güýçlendirmek üçin köp işler ýola goýulýar. Bu babatda yzygiderli geçirilýän halkara forumlar, ylmy-amaly maslahatlary, abraýly halkara guramalar we daşary ýurtlar bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyklar ýurdumyzyň dünýäniň ylym we bilim giňişligindäki ornuny barha pugtalandyrýar. Häzirki döwürde döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän düýpli ylmy gözlegleri alyp barmak esasy wezipe hökmünde durýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleriniň ýokary hasylly, ir ýetişýän we kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmek, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleler babatda dünýä tejribesini öwrenmek bilen «ýaşyl» tehnologiýalary işläp taýýarlamak boýunça möhüm barlaglar alnyp barylýar. Çünki ylmy-tehnologik ösüşiň öňdebaryjy gazananlary ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has hem pugtalandyrmaga ýardam berýär. 

 

Begenç ŞUKUROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agronomçylyk fakultetiniň 
3-nji ýyl talyby.