Gündelik durmuşda adaty gün tertibiňiz sizi ýadadan bolsa, onda siz bedeniňizi berkitmek we wagtyňyzy peýdaly geçirmek üçin aňsat usuldan peýdalanyň! Diňe ylgap başlaň! Ylgamagyň ilkinji nobatda myşsalar üçin maşkdyr. Ynsan ylgamak bilen meşgullanyp başlanynda, diňe aýaklar bilen birlikde beýleki beden agzalarymyz hem kadaly işlemäge başlaýar. Ylgamak işe ukyply şahsyýeti kemala getirýär. Siz ylgan wagtyňyz islän ýeriňizde ylgap bilersiňiz. Emma asfalt däl-de, adaty ýeri ileri tutmak has gowy hasaplanýar. Adaty ýerde ylgamak bogunlardaky ýüki azaltmaga kömek eder. Stadionlar, seýilgähler we toprakly ýollar siziň üçin amatlydyr. Wagtal-wagtal ugruňyzy üýtgediň we ozal näbelli burçlara ylgaň! Siz islän wagtyňyz ylgamak bilen meşgul bolup bilersiňiz. Emma gije däl. Sebäbi ylgawdan soň uklamaga çenli azyndan iki sagat wagt gerek bolup durýar. Ylgan mahalyňyz amatly aýakgaplary we eşikleri, şol sanda hiç ýere sürtülmeýän içki eşikleri saýlamak ýeterlikdir. Aşgazan keselinden ejir çekýän adamlara neopren guşagynda ylgamaklyk lukmanlar tarapyndan maslahat berilýär. Bu bolsa goşmaça agramdan dynmaga kömek eder. Dogry işlemäge kömek etjek ýönekeý maslahatlar: ylgaw gyzykly bolmaly. Şonuň üçin hem ylgan wagtyňyz ýadasaňyz, çalt depginde geçiň, ýöne durmazlyga synanyşyň! Hereket etmekden ýadan bolsaňyz, saklanyň. Çaltlyk bilen onlarça metr ýöräp, elleriňizi silkip, böküp başlaň. Iň oňat ylgaýyş ortaça tizlik bilen tekiz hereket hasaplanýar. Hereketler dikligine däl-de, keseligine gönükdirilmelidir. Ylgan wagtyňyz iň esasy zat dem almakdyr. Burundan we agzyňyzdan dem alyň. Eger-de dem alanyňyzda diňe agzyňyzdan çalt dem alsaňyz, bedeniňiz nädogry bir zat diýip pikir edýär we derrew sizi «Dem alýaryn» intoimine salýar. Burun bilen dem almak ilki bilen size kyn ýaly bolup görünýär, ýöne dogry dem almaga çalt öwrenişersiňiz. Beýleki ylgawçylaryň ünsüni çekmezden herkimiň öz ritmi bolup durýar. Ylgap başlanyňyzda tizligi ýa-da aralygy kowmaň. Siziň işiňiz bedeni hereket etmäge mümkinçilik bermekdir. Ritmiki saz ylgawyňyzy şowhunly alyp barmaga mümkinçilik döreder. Siz ylgamak isleýän bolsaňyz, mundan beýläk saglyk durmuşyňyzyň bir bölegine öwrüler.
Atageldi AMANIÝAZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.