logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi
  22.04.2026
336
Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda häzirki zaman žurnalistikasy, onuň ykdysady ugurlardaky orny hem-de media sowatlylygy boýunça açyk sapak geçirildi.

 

Çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň degişli merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.

 

Yzygiderli geçirilýän bu açyk sapagyň dowamynda ORIENT habarlar saýtynyň ýaş žurnalisti Seýli Aryşow myhman hökmünde çykyş etdi. Ol häzirki sanly döwrüň we emeli aň tehnologiýalarynyň ösüşi bilen baglylykda maglumat giňişliginde galp habarlar, şol sanda “fake news” we “deepfake” ýaly hadysalary anyklamagyň usullary barada gürrüň berdi. Şeýle hem ykdysady habarlarda statistiki maglumatlary dogry beýan etmek we ykdysady adalgalary ýerlikli ulanmak boýunça düşündirişler berdi.

 

Çykyşlarda häzirki wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, aýratyn hem internet žurnalistikanyň ykdysady we söwda ulgamlarynda barha möhüm orna eýe bolýandygy nygtaldy. Sosial torlaryň giňelmegi bilen birlikde maglumat akymynyň artmagy, şol bir wagtda galp maglumatlardan goranmak zerurlygynyň ýokarlanýandygy bellenildi.

 

Çäre gyzykly pikir alyşmalar bilen dowam edip, gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.

 

Ýeri gelende bellenilse, ORIENT habarlar gullugynyň döredijilik topary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi bilen hyzmatdaşlykda ýaşlaryň arasynda şeýle okuw-seminar we açyk sapak çärelerini yzygiderli geçirip gelýär.