Türkmenistan watanymyz iň irki döwürlerden bäri baý ekerançylyk medeniýetiniň mekany hökmünde bellidir. Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe boldy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.
Dana pederlerimiz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratyny gaýgyrmandyrlar. Her bir gallaçy kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygyň nyşanydyr. Şoňa görä, ýylyň-ýylyna ýurdumyzda halal zähmet çekmegiň göreldesini, netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezýän daýhanlaryň sany barha köpelýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek
Ak ekinleriň we topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tarp ýerleri işjeň özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzda gallaçylygy üstünlikli ösdürmegiň binýady bolup durýar. Oba hojalyk toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalar satyn alynýar. Pudagyň düzümini kämilleşdirmäge, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän häzirki zaman kärhanalarynyň, saýlama bugdaý tohumlaryny taýýarlaýan bölümleri bolan elewatorlaryň we degirmen toplumlarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleriniň, şol sanda önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikleriň berilýändigini bellemek zerurdyr. Bularyň ählisi “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda”, “Pagtaçylyk hakynda”, “Däneçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk-hukuk namalary bilen berkidilendir. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň we şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Bu çözgütler oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmaga, daýhanlaryň girdejilerini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Muhammet BATYRJANOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.