logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi
  30.10.2025
512
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web-saýtynda habar berilýär.

 

Duşuşygyň açylyş dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian gatnaşdy. Çärä YHG-nyň Baş sekretary, şeýle hem agza ýurtlaryň Içeri işler ministrleri, olaryň orunbasarlary we beýleki wekiller gatnaşdylar.

 

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministri çykyş edip, guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, özara tejribe alyşmak, içerki howpsuzlygy üpjün etmek we bu ugurda Türkmenistanyň alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berdi.

 

Saparyň çäginde türkmen wekiliýeti birnäçe duşuşyklary geçirdi. Olar Eýran Yslam Respublikasynyň Içeri işler ministri Eskander Momeni, Polisiýanyň serkerdebaşysy Ahmad Reza Radan, Adalat ministri Amin Hoseýin Rahimi, Türkiýäniň Içeri işler ministriniň orunbasary Münir Karaloglu hem-de YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşdylar.

 

Geçirilen duşuşyklarda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, sebitde we halkara derejede howpsuzlygy üpjün etmek, şeýle hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we adam söwdasyna garşy göreşmek ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

 

Serdar ÝAZJUMAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.