Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady ✦ ✦ Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary ✦ ✦ Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär ✦ ✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara tejribe alyşmak maksady bilen okuw seminary guraldy ✦ ✦ Aşgabatda Bütindünýä hindi dili güni dabaraly bellenildi ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Emeli aň bilen milli ykdysady howpsuzlyk pugtalandyrylýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwy geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /YKBALY GÖTERILEN TÜRKMEN ÝAŞLARY!
  25.10.2022
619
YKBALY GÖTERILEN TÜRKMEN ÝAŞLARY!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýaş nesilleriň eşretli hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmaklaryna, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeklerine giň ýol açylýar. Diýarymyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen birlikde,  türkmen medeniýetine hem-de sungatyna uly üns berilýär.

Bu günki gün Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Häzirki wagtda eziz diýarymyzda ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglerine esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Elbetde, okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak şeýle-de abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam basmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, eziz diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny saklamak, dikeltmek we öwrenmek, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda durmuş-ykdysady maksatnamalar bilen birlikde, ýaşlar syýasaty hem  üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyz gurultaýda eden taryhy çykyşynda hem birnäçe mysallar arkaly tekrarlady. «Garaşsyz  döwletimizi 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, biz ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrýarys» diýip, Arkadagly Serdarymyz  aýtdy. Kabul edilen «Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda» Kanunda, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda» ýaş nesillere döwlet goldawynyň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy.

Goý, türkmen halkyna baky bagty peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Watanymyzy ösüşleriň aýdyň ýollaryndan ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Daýanç BAÝRAMDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.