Günleriň günlerden, döwürleriň döwürlerden zyýada bolmagy, asudalygyň ýurduň depesinde bagtyýarlyk baýdagy bolup parlamagy, diňe hakdan halatlylygyň nyşanydyr. Şeýle halkyň başynda bolsa, hakdan halatlanan milli Lideriň bardygy şübhesizdir. Döwletiň güllemegi, batly ädimler bilen abadan geljegi nazarlamagy, halkyň sag ýatyp, aman örmegi, ýurt agzybirligi, parahatçylygyň ebedilik mukamy bolup ýaňlanmagy – bular asudalygyň kepili bolan ygtybarly daýanjyň aýdyň miwelerdir. Belent Serkerdebaşymyz döwletiň mizemezligini, Watan goragyny özüniň esasy üns merkezinde saklaýar. Biz muňa, özgerişlikleriň amal edilýän mekany – Türkmenistan ýurdumyzyň her bir wakalarynda, toýdur baýramlarynda aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. Bilşimiz ýaly, her ýylyň 9-njy oktýabry – Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni. Baýramçylyk gününde harby deňizçileriň ýürek owazlary mukaddes Watana söýgi bilen birleşip, ygrarlylygyň aýdymy bolup ýaňlanýar. Bu häsiýet türkmen halkynyň damaryndan «Watan» diýip aýlanýan ebediligiň ata-baba dowam edip gelmegidir. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň beýleki goşun görnüşleri bilen bir hatarda, Harby-Deňiz Güýçleri hem öňlerinde goýlan jogapkärli wezipäniň abraý bilen hötdesinden gelip, Türkmenistan döwletimiziň deňiz serhetleriniň rahatlygyny, howpsuzlygyny doly derejede üpjün edýärler. Muňa deňizçi harby gullukçylaryň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu ugurda edýän tagallaryna jogaby diýip düşünmeklik bolar. 2015-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň täze binalar we desgalar toplumy, 2016-njy ýylda öz işine başlan, kiçi ýaşdan deňizçilik hünärine söýgi döretmek, bu ugurdan hünärmen bolmak isleýänleri taýýarlap başlamak maksady bilen açylan, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi – bu edilýän ägirt tagallalaryň esasy subutnamalarydyr. Şol esasda-da, häzirki wagtda Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berk, yzygiderli pugtalandyrylýar. Ýeri gelende belläp geçsek, bu gün Ýaragly Güýçleriniň esasy düzümine motoatyjylyk, raketa goşunlary we artilleriýa, harby-howa güýçleri hem-de howa hüjüminden goranyş (HHG) goşunlary, ýörite maksatly güýçler, harby-deňiz güýçleri, deňiz pyýada goşuny, raýat goranyş we halas ediş işleri ýaly birnäçe bölümler girýär. Belent Serkerdebaşymyz tarapyndan 2016-njy ýylda kabul edilen diňe goranyş häsiýetine eýe bolan täze Harby doktrinada döwletimiziň milli howpsuzly-gynyň, Milli goşuny has-da ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, ýaraglaryň we harby tehnikalaryň täze görnüşlerini özleşdirmegiň, harby bölümleriň maddy- enjamlaýyn binýadyny kemala getirmegiň we berkitmegiň maksatnamasy beýan edilýär. «Biz deňiz çäklerimiziň bitewiligini üpjün edýän, Hazar deňzini dostlugyň we ylalaşygyň deňzine öwürmekde uly işleri bitirýän deňizçi harby gullukçylaryň hyzmatyna ýokary baha berýäris. Ata-babalarymyzdan miras galan harby deňizçilik sungatyny üstünlikli ösdürmek Harby-deňiz güýçleriniň serkerdeleriniň we esgerleriniň mukaddes borjudyr» diýip belleýän Döwlet Baştutanymyzyň özlerine bildirilýän berk ynamyny ödemek her bir Watan goragçysynyň baş borjudyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, bu ugurdaky durmuşa geçirilýän işleriň sany has-da artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty, taryhda ilkinji gezek döredilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdeligi, ýurdumyzyň deňiz serhetini ygtybarly goramak maksady bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gämileri, Harby-deňiz instituty hem-de onuň binýadyndaky Ýöriteleşdirilen harby deňiz mekdebi öz işini ýokary depginde dowam etdirýär. Abadançylyk, parahatçylyk höküm sürýän, harby goraglylygy berk, ygtybarly bolan döwlet, hemişe özüniň sarsmaz sütünini berdaşly saklaýar. Garaşsyz, hemişelik baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz şeýle ýurtlaryň hatarynda iň öňdäki orunlardadyr.