logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Ýaşyl ykdysadyýete geçmek ýurdumyzyň möhüm ugry
  16.05.2025
990
Ýaşyl ykdysadyýete geçmek ýurdumyzyň möhüm ugry

Soňky ýyllarda dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan möhüm meseleleriniň biri — daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly durnukly çözgütlerdir. Türkmenistan hem bu ugurda öňdebaryjy başlangyçlary durmuşa geçirýän ýurtlaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Ekologiýa taýdan arassa ösüş, tebigy baýlyklaryň rejeli ulanylmagy we ýaşyl ykdysadyýete geçmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi.


Mysal üçin, ýurdumyzda giň gerime eýe bolan “Milli tokaý maksatnamasynyň” çäginde her ýyl müňlerçe bag nahallary oturdylýar. Garagum sährasynyň ekologiýa deňagramlylygyny saklamak, suw serişdelerini tygşytly ulanmak, energiýa geçişinde gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň paýyny artdyrmak ýaly işler giň gerimde alnyp barylýar. Şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlyklary giňeldilýär.


Şeýle işleriň mysaly hökmünde ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen sebit derejesindäki giň göwrümli maslahaty agzamak bolar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň bilelikdäki tagallasy bilen guralan duşuşyk, ylmy jemgyýetçiligiň, halkara guramalaryň we ekologlaryň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirildi.


Maslahat döwründe Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen hünärmenler, alymlar we BMG-niň wekilleri ekologik durnuklylygyň üpjün edilmegi, howanyň üýtgemeginiň täsirleriniň azaldylmagy we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň öňüsyrasynda geçirilen sergi bolsa Türkmenistanyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlygyny görkezmek bilen, ekologik mirasy goramagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de ýurdumyzyň ýaşyl ykdysadyýete geçiş tagallalaryny şöhlelendiren ýörite wideoýazgy görkezildi.


Türkmenistan öz çäginde kabul edýän başlangyçlarynyň üsti bilen diňe bir milli däl, eýsem sebit we global derejesinde hem ekologiýa taýdan jogapkärli gatnaşyklary ösdürýär. Howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meselelere degişli edilen çemeleşmeler, Türkmenistanyň geljege gönükdirilen syýasatynyň aýdyň mysalydyr.


Medet AKMÄMMEDOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.