logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /“Ýaşajyk türgenler” atly bäsleşik geçirildi
  23.04.2024
667
“Ýaşajyk türgenler” atly bäsleşik geçirildi

Durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan körpejelerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli, ylymly we bilimli bolup ýetişmekleri üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Körpeleriň arasynda sport we döredijilik çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Şeýle bäsleşikleriň biri hem ýakynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda saglyk aýy mynasybetli etrap bilim bölüminiň iş meýilnamasy esasynda “Ýaşajyk türgenler” ady bilen geçirildi.

 

Ýaşajyk türgenlerimiziň ukyp başarnygyny hem-de erjelligini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde körpejelerimiz sportuň dürli görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Şeýlelikde, gyzykly geçen bäsleşigiň ahyrynda 19-njy çagalar bakja-bagynyň körpejelerinden düzülen topar I orna mynasyp boldylar.

 

Bize şeýle bagtly, bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Jahan Abaýewa,
Tejen etrabyndaky 19-njy çagalar-bakja
bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi,
Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy.