logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Culture /Ýaş žurnalistleriň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi!
  03.03.2023
1011
Ýaş žurnalistleriň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de wagyz etmek, şeýle hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary döredijilik gözleglerine ruhlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Ýaşlar – beýik geljegi gurujylar»  atly ýaş žurnalistleriň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan edýär. 

Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda, oçerklerde, söhbetdeşliklerde) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, şanly seneler mynasybetli ulanmaga berilýän desgalar, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky orny, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti, olaryň many-mazmuny, gazanylýan üstünlikler anyk mysallar arkaly publisistik äheňde açylyp görkezilmelidir. Zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary hakyndaky oçerkleriň, aýratyn ugurlar boýunça taýýarlanylýan söhbetdeşlikleriň, makalalaryň täsirli, maglumatlara baý, diliniň çeper we şireli bolmagy hökmanydyr.

Ýaşlar bäsleşige hödürleýän eserlerini «Ýaşlar – beýik geljegi gurujylar» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň Erkin döredijilik mekany) ýa-da onuň elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@online.tm) şu ýylyň 10-njy sentýabryna çenli ýollap bilerler. Olara döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary baha berer. Awtorlar redaksiýa ugradýan işlerine özleri baradaky maglumatlary (okaýan, işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi, elektron abuna ýazylandygyny tassyklaýan belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige 35 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda jemlener. Ýeňijilere Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň diplomlary we  sowgatlary, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar. 

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.