2023-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk we grafika kafedralarynyň talyplarynyň diplom işleriniň goragy geçirildi. Bagtyýar ýaşlar halypalaryň beren bilimlerini özleşdirip, saýlap alan hünärleri boýunça ýerine ýetirilen diplom işlerinde türkmen halkynyň taryhyny, şu gününi, däp-dessurlaryny, edebiýatyny, gözel tebigatymyzy dürli çeperçilik serişdeleri arkaly şekillendiripdirler.
Grafika kafedrasynyň uçurymlarynyň diplom işleri Döwletgeldi Akyýew, Parahat Gapançaýew, Dilorom Ýakubowa, Rahman Rahmanow, Şirinjemal Rejepowa, Azat Tuwakow ýaly halypalaryň ýolbaşçylygynda döredilip, stanok we kitap grafikasynyň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Olardan Akmyrat Akyýewiň Türkmenistanyň halk ýazyjysy, taryhçy alym Ýazmyrat Mämmediýewiň «Beýik Seljukly» atly eserine bagyşlanan kitap bezeg işleri aýratyn saýlandy. Bu eser Beýik Seljuk Türkmen döwletiniň gurluşy hem-de bu döwleti gurmaga gönüden-göni dahylly bolan taryhy şahsyýetleriň ömür we durmuş ýollary barada täsirli beýan edilýär. Dürli döwürleri, dürli ýurtlary öz içine alan gadymy döwletde kemala gelen şahsyýetler barada gürrüň berýän taryhy eserde awtoryň ol döwürlerde bolup geçen syýasy-ykdysady, medeni wakalary içgin öwrenendigi aýdyň duýulýar. Eser arkaly okyjylar Beýik Seljuk Türkmen döwleti, Çagry beg we Togrul beg, Alp Arslan hem-de onuň ogly Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly pähim-parasaty, edermenligi, merdanalygy, watanperwerligi bilen giňden tanalan taryhy şahsyýetleri bilen tanşyp bilýärler. Dört jiltden ybarat bolan «Beýik Seljukly» atly taryhy romanynyň birinji jildi Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilendigi we bu kitaby grafikaçy suratkeş, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Döwletgeldi Akyýewiň çeken suratlary bilen bezelendigi bellidir. Ýaş grafikaçynyň çeken suratlarynda bolsa, şol romanyň ikinji jildiniň içinden eriş-argaç bolup geçýän wakalary hem-de taryhy gahrymanlaryň keşplerini hakykylyk bilen suratlandyrylýar. Grafikaçy gara, goňur we ak reňkleriň sazlaşygy esasynda inçe çyzyklaryň, tegmilleriň kömegi bilen taryhy eseriň mazmunyny beýan edýän ýordumlary suratlandyrýar.
Aksona Saparmedowanyň diplom işi bäş sany eserden ybarat bolup, onda görnükli türkmen şahyry Kakamyrat Rejepowyň «Ak şäher», «Bagtyň suraty», «Üýtgeşik gün», «Bahar oýlary», «Seýilgähde» ýaly goşgularynyň beýany dürli reňkli akwarel boýaglaryň üsti bilen ýerine ýetirilipdir. Ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbi, eziz Diýarymyzyň gözel tebigaty, bahar paslynyň ajaýyplygy şahyrana duýgular arkaly wasp edilýär. Ogulsoltan Ýaraşowanyň Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň goşgular ýygyndysy esasynda «Aý ýüzli gyz», «Durmuşa çykýan gyz», «Sen hakynda», «Sen diňe bir öýüň bezegi dälsiň», «Tebigat bilen bile», «Tebigatym» atly taslamalary tuş we pero arkaly kagyzyň ýüzünde ýerine ýetirilip, onda ak we gara reňkleriň oýny, inçe çyzyklaryň owadanlygy sazlaşylykly peýdalanylýar. Goşgularyň mazmunyny şöhlelendirmekde ýaş grafikaçy täsirli taslama çözgütlerinde dürli nyşanlary ulanyp, tomaşaçynyň ünsüni özüne çekmäge başarýar. Leýlagül Gurtmyradowanyň yşk mülküniň şasy, nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň söýgi baradaky goşgularyna, Wepaly Gurtmyradow bolsa Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejepowyň goşgularyna bagyşlap, kitap bezeg işlerini döretdiler.
Stanok grafikasy hünäri boýunça tamamlan Agylşa Annamuhammedow, Şatgül Amangylyjowa, Baýramgeldi Baýramow, Ogulnur Etrekowa, Gurbangeldi Orazmuhammedow, Suraý Rejepowa, Baýram Taganow döwrebap temalary esasynda diplom işlerini goradylar. Adylşa Annamuhammedowyň «Garagum gözelligi» atly diplom işi, dört sany bölekden ybaratdyr. Onda Garagumyň seleňli sährasy, onuň baý tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi, türkmen halkynyň etnografiýasy, aw pursatlary, arwana düýesi, türkmen tazysy tuş we pero usuly arkaly beýan edilýär.
Umuman, talyplar özleriniň diplom işlerinde okuw ýyllaryň dowamynda toplan ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş suratkeşlere türkmen sungatyny dünýä ýaýmak ugrundaky rowaçlyk ýolunda täze belentliklerine ýetmegini arzuw edýäris!
Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň sungaty öwreniş
kafedrasynyň mugallymy.