Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýeti çalt depginde sanlylaşýar, täze tehnologiýalar we innowasiýalar ähli ugurlarda ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülýär. Şeýle şertlerde ýaş telekeçileriň orny aýratyn möhümdir. Olar diňe täze pikirleriň awtory bolman, eýsem ýurduň ykdysady ösüşiniň täze tapgyryny kesgitleýän güýç hökmünde çykyş edýärler.
Türkmenistanda ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, olaryň innowasion pikirlerini durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Soňky ýyllarda geçirilýän startap bäsleşikleri, forumlar we okuw maksatnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Mysal üçin, 2024-nji ýylda geçirilen “Hi-tech Startup Turkmenistan” bäsleşigi ýaşlaryň arasynda täze tehnologiýalara bolan gyzyklanmanyň artýandygyny görkezdi. Bu bäsleşikde emeli aň, mobil goşundylar we sanly hyzmatlar boýunça birnäçe geljegi uly taslamalar hödürlenip, olaryň käbiri halkara derejesinde hem gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem 2025-nji ýylda geçirilýän “Startup Ecosystem – 2024–2025” maksatnamasynyň çägindäki bäsleşikler ýaşlaryň innowasion pikirlenmesini ösdürmäge gönükdirildi. Bu çärelerde ykdysady taýdan ähmiýetli, jemgyýet üçin peýdaly we häzirki zaman tehnologiýalaryna laýyk gelýän taslamalar aýratyn baha berildi.
Soňky döwürde geçirilýän “ICT Startup: Innovative Technologies for Sustainable Development” atly bäsleşik hem ýaşlaryň halkara derejede özüni görkezmegine giň ýol açdy. Bu çäre diňe bir bäsleşik däl, eýsem tejribe alyşmak, täze hyzmatdaşlyklary döretmek we dünýäniň öňdebaryjy ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin möhüm meýdança boldy.
Türkmenistanyň ykdysady syýasatynda ýaş telekeçileri goldamak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. “Türkmenistan – mümkinçilikler ýurdudyr” atly startap bäsleşigi ýaly taslamalar ýaşlaryň işewürlik başarnyklaryny ösdürmäge, olaryň taslamalaryna maýa goýum çekmäge we täze bazarlara çykmaga mümkinçilik berýär. Şeýle çäreler ýurduň eksport mümkinçilikleriniň giňelmegine we “Made in Turkmenistan” brendiniň dünýä bazarynda öňe çykmagyna hyzmat edýär.
Mundan başga-da, halkara forumlar, hususan-da Türkmentel we ITTC ýaly çäreler ýaşlaryň innowasion taslamalaryny görkezmek we daşary ýurt maýadarlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm platforma bolup hyzmat edýär. Şeýle forumlarda emeli aň, 5G, blokçein we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça taslamalar giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.
Ýaş telekeçileriň ösüşinde bilim ulgamynyň hem ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdeplerinde we ýörite merkezlerde geçirilýän okuwlar, treningler hem-de inkubasiýa maksatnamalary ýaşlaryň tejribe toplamagyna we bazar talaplaryna laýyk taslamalary taýýarlamagyna ýardam berýär.
Ýurdumyzda ýaş telekeçileri taýýarlamak we goldamak ugrunda bilim edaralarynyň hem orny barha ýokarlanýar. Soňky ýyllarda Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň işe girizilmegi bu ugurda möhüm ädimleriň biri boldy. Bu ýokary okuw mekdebi häzirki zaman işewürlik bilimini, startap medeniýetini we innowasion pikirlenmäni ösdürmäge gönükdirilen okuw maksatnamalary bilen ýaşlary geljegiň telekeçileri hökmünde kemala getirýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher kommitetiniň ýanynda hereket edýän “Ýaş telekeçiler” merkezi hem ýaşlaryň işewürlik işjeňligini ýokarlandyrmakda möhüm orun oýnaýar. Bu merkez tarapyndan yzygiderli gurnalýan seminarlar, duşuşyklar, tejribe alyşma çäreleri we startap bäsleşikleri ýaşlaryň öz taslamalaryny ösdürmegine, täze hyzmatdaşlary tapmagyna we bazar şertlerine uýgunlaşmagyna giň mümkinçilik döredýär.
Netijede, ýaş telekeçiler Türkmenistanyň innowasion geljeginiň binýadyny düzýärler. Döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler, halkara hyzmatdaşlyk we bilim ulgamyndaky ösüşler olaryň üstünlik gazanmagyna şert döredýär. Geljekde hut şu ýaş nesil ýurduň ykdysadyýetini täze derejä çykaryp, ony sebitleýin we dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply döwlete öwürer.
Şeýlelikde, ýaş telekeçileri goldamak diňe bir häzirki döwrüň däl, eýsem ýurduň uzak möhletleýin ösüşiniň hem esasy şerti bolup durýar.
Abraý Pirkakaýew,
Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby