12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet derejesinde we ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän abraýly bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde gurady.
Ylymlar gününiň dabaralary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly iki günlük halkara ylmy maslahat bilen başlandy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde açylan halkara maslahata ýurdumyzyň alymlary, Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýaş ylmy barlagçylary we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdy. Maslahata sanly ulgam arkaly hem dünýä ýurtlarynyň ylmy düzümleriniň wekilleri goşuldy.
Maslahatyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Soňra uniwersitetiň mejlisler jaýynda Ylymlar güni mynasybetli türkmenistanly ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Sylaglaýyş dabarasy ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Ylmy bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki edaralaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary we ylmy iş bilen meşgullanmaga aýratyn uly gyzyklanma bildirýän dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen ylmy bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 362-si gatnaşyp, şolaryň 487-si talyp, 875-si dürli ugurlarda zähmet çekýän ýaşlardyr. Olar bäsleşikde özleriniň amaly işlerini, ylmy barlaglaryny görkezdiler.
Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly ylymda esasy öňe sürülýän alty ugur boýunça geçirildi.
Ýaşlaryň hödürlän taslamalarynda we işlerinde ylmy täzeçilligi, iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň hem-de önümçilige ornaşdyrmagyň zerurlygy göz öňünde tutuldy. Şonuň netijesinde, bäsleşige hödürlenen ylmy işleri seljeren emin agzalary ýeňijileriň 67-sini kesgitlediler. Olaryň 25-si talyp ýaşlar bolup, 42-si ýaş alymlardyr. Olary sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal alymlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, Ylymlar akademiýasynyň aspirantlary we doktorantlary gatnaşdylar. Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan diplomlar we sowgatlar gowşuryldy.
Ýeňijiler ýaş nesillerimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Uniwersitetiň baş binasynda guralan sergide ýaş alymlaryň ylmy gazananlary, ylmy işleriniň ýygyndylary, başga-da birnäçe taslamalar görkezildi.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.