2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-20-i aralygy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş alymlar topary Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet Ministrliginiň Tatarystanyň Kazan şäherinde N.I.Žiganow adyndaky Kazan konserwatoriýasynyň gurnamagynda «Ýaş alymlaryň ylmy gözleglerinde saz folklory» («Музыкальный фольклор в исследованиях молодых ученых») atly Talyplaryň halkara ylmy-praktiki konferensiýasyna internet ulgamy arkaly onlaýn gatnaşdylar.
Talyp ýaşlar bu halkara ylmy maslahaty etnografiýa we sazşynaslyk ylmy, kompozitorçylyk döredijiligi, saz ýerine ýetirijilik sungaty ýaly ugurlar boýunça çykyş etdiler. Maslahatyň çäklerinde «Däp bolan saz gurallary: öwrenmek tejribesi we täzeden dikeldilmegi» («Традиционные музыкальные инструменты: опыт изучения и возрождения») tema boýunça tegelek stoly, ussatlyk sapaklary we konsertleri geçirildi.
Halkara ylmy maslahatda Türkmenistanyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş alymlary, ýagny:
Gülbahar Serhenowa (ylmy ýolbaşçysy: «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowa) “Türkmen dutary we onuň häzirki zaman türkmen medeniýetindäki orny” atly tema bilen;
Gülşat Kadyrowa (ylmy ýolbaşçysy: «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Tatýana Litwina) «Küşdepdi türkmen folklor tansy: gelip çykyşy we häzirki zaman durmuşyndaky ähmiýeti» atly tema bilen;
Jemal Agajanowa (ylmy ýolbaşçysy: sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Agajan Açylow) «Saz gurallary Türkmenistanyň arheologiki ýadygärliklerinde» atly tema bilen;
Toýbibi Myradowa (ylmy ýolbaşçysy: «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Leýla Babaýewa) «Türkmen milli saz gurallaryň rejeleniş we kämilleşdirmek meseleleri» atly tema bilen;
Suraý Ýazhanowa (ylmy ýolbaşçysy: «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Gülnabat Ataýew) «Türkmen zenan atlary bilen bagly dörän halk sazlary» atly tema bilen;
Kuwwat Ýowbasarow (ylmy ýolbaşçysy: sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Jemile Gurbanowa) «Türkmen dessançy-bagşylaryň repertuarynyň žanr köpdürliligi» atly tema bilen;
Güljemal Durdyýewa (ylmy ýolbaşçysy: sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, «Sazyň taryhy» kafedrasynyň dosenti Ýelena Osipowa) «Kompozitor Jeren Gurbangylyjowanyň instrumental döredijiliginiň saz diliniň milli aýratynlyklary» atly tema bilen;
Aknur Annameredowa (ylmy ýolbaşçysy: «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Annagylyjowa) «Rejep Rejebowyň «Görogly» operasynyň mysalynda türkmen halk sazlarynyň häsiýetli aýratynlyklary» atly tema bilen çykyş etdiler.
Umuman, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş alymlarynyň şeýle ýokary derejeli halkara forumynda saz sungaty we medeni mirasy boýunça ilkinji gezek üstünlikli çykyş etmekleri juda buýsandyryjy waka öwrüldi. Gelejekde hem şeýle ylmy maslahatlara işjek gatnaşmaklaryny we üstünli çykyş etmek bilen uly üstünlikleri gazanmaklaryny olara tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Agajan AÇYLOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
«Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy,
Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.